Kreýg Bonduň keşbinde galar

Ýarym asyr gowrakdan bäri ekranlaryň köp tomaşaçyly filmler toplumy bolan aňtawçy “Jeýms Bond” filmleriniň hataryna ýene biri goşular.Golaýda bu filmleriň soňky 4-sinde baş keşpde çykyş eden 49 ýaşly aktýor Daniel Kreýg 5-nji gezegem Jeýms Bonduň keşbini janlandyrjakdygyny habar berdi.

Bilşiňiz ýaly, bir ýyldan bäri meşhur aňtawçynyň keşbinde başga aktýorlaryň surata düşjekdigi hakynda metbugatda häli-şindi dürli-dürli habarlar çykýardy.Filmiň aýdymdyr-sazlaryny bu gezek hem mahmal owazly zenan, dünýä belli iňlis aýdymçysy Adel ýerine ýetirer.

Häzirlikçe ady kesgitlenmedik 25-nji “Jeýms Bond” filminiň režissýorynyň kim boljakdygy, şol birwagtyň özünde-de beýleki artistleri, esasan hem Kreýge ýoldaşlyk etjek aktrisalar öňümizdäki günlerde belli bolar. “Eon” we MGM şereketleriniň garamagyndaky kino 2019-njy ýylda, hemişekiler ýaly noýabr aýynda, has takygy, 8-nji noýabrda ekranlarda peýda bolar.

Golliwudyň gözel ýyldyzlaryndan, germaniýaly aktrisa Daýana Kruger belli režissýor Robert Zemekisiň täze filminde baş keşbi janlandyrar.Jeff Malmberiň 2010-njy ýylda surata alan “Marwencol” atly dokumental filmi esasynda ekranlaşdyryljak kinoda aktýor Stiw Kerrol hem çykyş eder.

Ikinji jahan urşy ýyllarynda özboluşly sungat eserlerini döreden adam barada gürrüň berjek ekran eseriniň ssenarisini režissýoryň özi hem-de Karoline Tompson bilelikde ýazar.“Hemme zadyň teoriýasy”, “Rogue One” filmlerinde surata düşen tanymal aktrisa Felisiti Jons “Swan Lake” atly kinoda baş keşbi ýerine ýetirer.

Pýotr Çaýkowskiniň döreden sazy “Swan Lake” esasynda ýüze çykan nusgawy balet rowaýaty baradaky bu filme Luka Guadagnino režissýorlyk eder.Film 2019-njy ýylda prokatlara ýaýradylar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri
“Altyn palma” dalaşgär filmler:
Tegmilli köl
Asly türkmenistanly ABŞ-nyň gözellik bäsleşiginde çykyş edýär
Robot artist