Kriptopul arkaly tölegi ýaýbaňlandyrar

Ýokary tizlikli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan Ferrari kompaniýasy kriptopul arkaly kabul edilýän tölegiň çägini giňeldýär.Kompaniýa şu aýyň ahyryndan başlap Ýewropadaky ähli söwda nokatlarynda kriptopul arkaly töleg kabul etjekdigini mälim etdi. Şeýle hem kompaniýa ýylyň ahyryna çenli kriptopullaryň kanun taýdan kabul edilýän ähli ýurtlarynda şeýle mümkinçiligiň dörediljekdigini habar berdi.

Italýan brendi geçen ýyl ABŞ-da kriptopul birlikleri arkaly tölegleri kabul edip başlapdy.Kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda Ýewropada bu mümkinçiligiň döredilmeginiň ABŞ-da bu ugurda oňyn netije gazanylmagy bilen baglydygy aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda italýan aşhanasynyň agşamy geçirildi
Italýan tagamlarynyň hepdeligi geçirildi
IDOGI italýan kompanýasynyň wekilleri Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk ýokary okuw mekdebinde boldular
Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?
16 duşuşyk 48 gol
Rim Italiýanyň paýtagty saýlanýar