Krizis ýagdaýlarynda nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Krizis ýagdaýlarynda nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu günler Aşgabatda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Onuň çäklerinde birnäçe mejlisler geçiriler. Olaryň birinjisi nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy barada umumy düşünjeleriň, beýleki ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hereketleriniň meýilnamalary bilen tanyşdyrylmagyna bagyşlanar. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, 1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketine ýurduň adyndan wekilçilik edýändigini bellemek gerek.Ol ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere, hususan-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli türkmen halkynyň iň gowy däpleri, ynsanperwerlik we rehim-şepagatlylyk ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işlere işjeň gatnaşýar.

Şu ýylyň ýanwarynda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” atly wagyz-nesihat çäresiniň geçirilendigini bellemek gerek.Oňa TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde TGÝMJ-niň iri halkara guramalar we düzümler, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, işewürlik duşuşyklaryny, okuw çärelerini geçirmek boýunça meýilnamalar, “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça 2024 — 2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň” amala aşyrylyşy barada maglumatlar diňlenildi.

Ýene degişli makalalar

Gazada Her Gün 37 Ene Öldürildi
Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HGHK-nyň sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy
Aşgabatda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň mejlisi geçirildi
YNSANPERWER ÝÖRELGELERE EÝERIP