Täze görnüş koronawirus epidemiýasy döwründen soň kruiz gämileri ýaňadandan Çanakgala gelmäge başlady.
Çanakgala portuna häzire çenli 6 kruiz gämileri bilen 1962 suýahatçy geldi.
Syýahatçylar Troýa we Assos bilen birlikde taryhy Gallipoli ýarym adasyna baryp gördi.
Soňky 2 ýylda koronawirus epidemiýasy sebäpli porta kruiz gämileriniň gelmändigini aýdan Çanakgala portunyň Baş müdüri Berkan Özkan “Häzire çenli 6 gämi bilen 1962 ýolagçy Çanakgala portumyza geldi. Möwsümiň ahyryna çenli porta 45 gämi bilen 15 müň syýahatçynyň gelmegine garaşýarys” diýdi.
