Kubadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Kubadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Kubanyň Halk Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, ýogalanlaryň sanynyň 6 adam artyp 32-ä ýetendigi, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 15-i çaga 80 adamdygy mälim edildi.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi bellenen beýanatda, hassahanada bejergileri dowam edýän 10 adamyň saglyk ýagdaýynyň bolsa tankydydygy aýan edildi.

Ýerli metbugatda berilen habarlarda partlamanyň netijesinde entegem 19 adamyň tapylmandygy, ýogalanlaryň arasynda 1-i hamyla zenanyň we 4 çaganyň bardygy öňe sürüldi.

Ýaralanan adamlary düýn hassahanada zyýarat eden ýurdyň Döwlet baştutany Migel Dias-Kanel, wakanyň terrorçylykly hüjüm däl, eýsem betbagtçylykly hadysadygyny ýatladyp, raýatlara gan tabşyrmaklary barada çagyryş berdi.

Kubanyň metbugatynda myhmanhanada birnäçe wagt bäri dowam edýän gurluşyk işleriniň netijesinde turbalara tebigy gaz goýberilen mahaly partlamanyň bolandygy öňe sürüldi.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 2 ýyldan gowrak wagt bäri ýapyk bolan we 10-njy maýda açylmagyna garaşylan taryhy myhmanhananyň 1880-nji ýylda gurulandygy, 1933-nji ýyldan bäri bolsa myhmanhana hökmünde hyzmat berýändigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady
Migel Dias-Kanel Kubanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň Prezidentine gutlag iberdi
Kubanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady