Kubanyň ozalky ykdysadyýet ministri ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

Kubanyň ozalky ykdysadyýet ministri ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

Kubanyň ýokary kazyýeti ozalky Ykdysadyýet ministri Aležandro Gil Fernandeziň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy we daşary ýurtly firmalarda para alandygyny mälim etdi.

Kubanyň ýokary kazyýeti, ozalky ykdysadyýet ministriniň içalylyk edendigi sebäpli ömür boýy azatlykdan mahrum edilendigini mälim etdi.

Ýokary kazyýet tarapyndan duşenbe güni berlen beýannamada ozalky Ykdysadyýet ministri Aležandro Gil Fernandeziň para alandygy, galplyk edendigi we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy sebäpli 20 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini aýan etdi.

Gil 2018-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ykdysadyýet ministri wezipesini ýerine ýetirdi we wezipesinden boşadylýança Prezident Mişel Diaz-Şaneliň iň ýakynda adamy hökmünde bilinýärdi. 2019-njy ýylda hem Kubanyň Wise-premýeri hökmünde bellenipdi.

Kubanyň Prezidenti Ykdysadyýet ministri Giliň wezipesinden boşadylmagyndan birnäçe hepde soň onuň uly ýalňyşlyk edendigini we galplyga asla egillik etmejekdiklerini aýtdy, emma mesele hakynda giňişleýin maglumat bermedi.

Kubanyň Ýokary kazyýety hem ozalky ministriň eden galplygy we içalylygy hakynda hiç hili maglumat bermedi.

“Assojiated Press” gullugy ozalky ministr ýada aklawçysy bilen aragatnaşyk saklap bilmändiklerini mälim etdi.

Gil 2021-nji ýylda Kubanyň pul ulgamynyň birleşdirilmeginde we maliýe reformalaryň durmuşa geçirilmeginde uly rol oýnady.

Onuň ministrligi döwründe ykdysady çökgünlik we käbir haryt ýetmezçiligi başdan geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Kuba: ​​"ABŞ-nyň mümkin bolan harby hüjümine taýýarlyk görýäris” diýdi
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar