Kuraş 2023: Awlýakulyýew bilen Hemrakulyýew ýarym finalda

Kuraş  2023: Awlýakulyýew bilen Hemrakulyýew ýarym finalda

Türkmenistanyň kuraş boýunça erkekler ýygyndysynyň agzalarynyň ikisi 60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýan Wepa Awlýakulyýew bilen 66 kilograma çenli agram derejäniň wekili Döwlet Hemrakulyýew dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy.

Çärýek finalda Wepa hindistanly türgen Anil Anilden üstün çykdy. Döwlet Hemrakulyýew bolsa owganystanly Şuaib Mohammad Ýusufy ýaryşdan çykardy.

Şeýlelikde, şu gün eýäm türkmenistanly türgenleriň ikisi bürünç medala mynasyp bolmagy kepillendirdiler. Indi olar final duşuşygyna çykmak üçin göreşerler. Awlýakulyýew bilen Hemrakulyýewiň hem medal gazanmagy bilen türkmen ýygyndysynyň şu dnüýä çempionatyndaky medallary 10-a tegelener. Ýöne türkmenistanly türgenleriň has köp medal gazanmak mümkinçiligi bar.

Ýene degişli makalalar

Kuraş 2023: Jumanyýazow bilen Kadyrowa hem ýarymfinala çykdy
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş 2023: Döwlet Hemrakulyýew dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy
Kuraş 2023: Awlýakulyýew altyn medal üçin göreşer
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: WEPA AWLÝAKULYÝEW DÜNÝÄ ÇEMPIONY!