Kuraş 2023: Jumanyýazow bilen Omirow çärýek finala çykdy

Kuraş  2023: Jumanyýazow bilen Omirow çärýek finala çykdy

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Şatlyk Jumanyýazow Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyndaky ikinji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy.

73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Şatlyk 1/8 finaldaky tutluşygynda kamerunly Frank Junior Molakýeni ýeňip, adyny çärýek finala ýazdyrmagy başardy.

Türkmenabatly tälimçiniň çempionatdaky ilkinji tutluşygynda şri-lankaly Rumeş Anuradha Silwany ýeňendigini ýatladýarys.

Şeýle hem Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow 1/8 finalda dominikanly Tomas Belen Santanany ýeňip, çärýek finala çykdy.

Türkmen ýygyndysynda häzire çenli sekiz medal bar. Olaryň ählisi ýaryşyň birinji gününde gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

Kuraş 2023: Türkmenistan bäşinji kümşüni, Gazagystan ilkinji altynyny gazandy
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş 2023: Şatlyk Jumanyýazow çempionatyň ikinji gününde finala çykan dördünji türkmenistanly türgen boldy
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: Jumanyýazow bilen Kadyrowa hem ýarymfinala çykdy
Aşgabatda klasiki aýdym-saz konserti geçirildi