Kuraş 2023: WEPA AWLÝAKULYÝEW DÜNÝÄ ÇEMPIONY!

Kuraş  2023: WEPA AWLÝAKULYÝEW  DÜNÝÄ ÇEMPIONY!

60 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Wepa Awlýakulyýew dünýä çempiony boldy.

Ol çempionatyň final tutluşygynda gazagystanly Ýernur Suleimeni ýeňdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň şu dünýä çempionatyndaky altyn medallarynyň sany 3-e çykdy. Wepa türkmen ýygyndysynyň 10-njy medalyny gazandy.

Wepa Awlýakulyýew TGM-nin Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginin adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky bölüminin adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyşyn çärelerini meýilleşdirmek bölümçesinin müdirinin kömekçisidir.

Ýene degişli makalalar

Kuraş 2023: SABINA KADYROWA 16 ÝAŞDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: türkmen türgenleriniň birinden galany finala çykdy
Kuraş 2023: Sabina Agajanowa finalda göreşer
Kuraş 2023: Şatlyk Jumanyýazow çempionatyň ikinji gününde finala çykan dördünji türkmenistanly türgen boldy
Kuraş 2023: Döwlet Hemrakulyýew dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy