Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda atly mediaforum geçirildi

Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda atly mediaforum geçirildi

Şu gün Aşgabadyň Sport myhmanhasynyň mejlisler zalynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda ady bilen halkara mediaforum geçirildi. Bu barada TDH-nyň Türkmenistan: Altyn asyr internet neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen mediaforuma Halkara Kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mediaforumyň barşynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şeýle hem şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumatlar berildi.

Şeýle hem mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionat heniz başlamanka, onuň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi.Bu ýaryşa bagyşlanyp, Мир 24, TRT Avaz, CCTV we EURONEWS teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi, şeýle hem Aziýa --- Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Asiavision habarlar toparynyň, Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda habarlar beýan edildi. Şeýle-de Kuraş boýunça dünýä çempionaty barada makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi.

Olarda Aşgabatda iri sport çäresine taýýarlygyň ýokary derejesi nygtalýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri Türkmenistan Sport we Ýaşlyk teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa ýaryşlary TürkmenÄlem 52E emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Kuraş 2023: WEPA AWLÝAKULYÝEW DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: SABINA KADYROWA 16 ÝAŞDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: Jahan Muhammedowa kümüş medala mynasyp boldy
Kuraş 2023: Türkmenistan bäşinji kümşüni, Gazagystan ilkinji altynyny gazandy