Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna nirede tomaşa edip bolar?

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşyna soňky taýýarlyklar tamamlanyp barýar. Bu dünýä çempionaty baradaky zerur maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Açylyş dabarasy haçan bolar?

Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy 25-nji noýabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriler. Çärä islendik adam gatnaşyp biler. Giriş tölegsizdir.

Ýaryş nirede bolar?

Esasy ýaryşlar 27-nji noýabrdan başlap Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.

Ýaryşa petekler nirede satylýar?

Ýaryşa petekler Olimpiýa şäherçesiniň çägindäki kassalarda, Berkarar SDM-de (1-nji gatda) we Aşgabat SDM-de (2-nji gatda) satylýar. Petegiň bahasy 25 manat.

Ýaryşa nähili we nirede tomaşa edip bolar?

Çempionata petegiňiz ýok bolsa, Türkmenistanyň Milli teleýaýlymynda tutluşyklaryň ählisine tomaşa edip bilersiňiz.

Janköýerlere amatly bolar ýaly Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň https://sportcom.gov.tm/ru/item/Kurash-2023 KURASH-2023 resmi saýtynda ýörite sahypa açyldy, onda dünýä çempionatynyň esasy tutluşyklary görkeziler. Şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň ýanyndaky Olimpiýa şäherçesiniň Müdirliginiň https://aoc.gov.tm/ru saýtynda täzelikler berler.

Kuraş boýunça XIV Dünýä çempionatyna degişli maglumatlaryň jemlenen gollanmasyny göçürip almak üçin bolsa şu ýere basyň!

Mundan başga-da, Berkarar SDM-de sport çärelerini ýaýlyma bermek üçin niýetlenen LED ekranlar oturdyldy. Şeýle hem Kuraş göreş boýunça dünýä çempionatynyň janköýerleri we myhmanlary üçin özboluşly fotozolagy bar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna kimler wekilçilik eder?

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi iň güýçli kuraş ussatlarynyň gatnaşan saýlama ýaryşynyň netijeleri esasynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparynyň hatarynda Wepa Öwlüýägulyýew (agramy 60 kg çenli), Döwlet Hemragulyýew (66 kg çenli), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg çenli), Daýanç Ömürow (81 kg çenli), Sanjar Abdyrahmanow (90 kg çenli), Ruslan Esgerow (100 kg çenli) we Sapa Sapaýew (100 kg-dan agyr) bar.

Zenanlar toparynda Aýşirin Haýdarowa (48 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli), Gülşat Annaýewa (57 kg çenli), Dinara Rozykulowa (63 kg çenli), Mariýa Lohowa (70 kg çenli), Sabina Kadyrowa (78 kg çenli), Jahan Muhammedowa (87 kilograma çenli) we Sabina Agajanowa (87 kg-dan agyr) çykyş ederler.

Ýaryşyň geçirilýän wagty

27-nji noýabrda aşakdaky agram derejelerinde ýaryşlar geçiriler:

Erkekler: -90 kg, -100 kg, +100 kg;

Zenanlar: -48 kg, -52 kg, -57 kg, -63 kg, -70 kg.

Deslapky tapgyr sagat 10:00-dan sagat 13:00-a çenli.

Ýarym final tutluşyklary sagat 15:00-dan sagat 18:00-a çenli.

Aýgytlaýjy tutluşyklar sagat 18:00-dan sagat 19:30-a çenli geçiriler.

28-nji noýabrda ýaryş aşakdaky agramlarda dowam eder:

Erkekler: -60 kg, -66 kg, -73 kg, -81 kg;

Zenanlar: -78 kg, -87 kg, +87 kg.

Deslapky tapgyr sagat 10:00-dan sagat 13:00-a çenli.

Ýarym final tutluşyklar sagat 15:00-dan sagat 18:00-a çenli.

Aýgytlaýjy tutluşyklar sagat 18:00-dan sagat 19:30-a çenli geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş 2023: Sabina Agajanowa finalda göreşer
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: türkmenistanly türgenleriň ählisi ýarymfinala çykdy
Kuraş 2023: 39 ýaşly türgen dünýä çempiony boldy