Kuwwat Çaryguliýewe, Döwletgeldi Amanlykowa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy

Kuwwat Çaryguliýewe, Döwletgeldi Amanlykowa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.Resminama laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, şeýle-de ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletiň we halkyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Ahal öwüşginleri etnografik folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Hojanazarowiç Çaryguliýewe hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Jumamyradowiç Amanlykowa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy.

Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
Türkmenistanyň Prezidenti kazyýetleriň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi
TÜRKMENLERDE DÜÝE BEZEMEGIŇ GADYMY DÄPLERI
Ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň arasynda jaýlaryň diwarlarynda gara heň döreýär
ÝAŞLARYŇ ŞÄHERINDÄKI HOŞ OWAZLAR