Lawrow Bolgariýa Degişli Garşylygyň Görkeziljekdigini Beýan Etdi

Lawrow Bolgariýa Degişli Garşylygyň Görkeziljekdigini Beýan Etdi

Russiýanyň Daşary işler minsitri Sergeý Lawrow Golgariýanyň 70 rus diplomatyny ýurtdan çykarmak hakyndaky kararyna degişli garşylygyň görkeziljekdigini aýtdy.

Lawrow we Russiýa sapar eden Wenesuelanyň Daşary işler ministri Karlos Faria paýtagt Moskwada geçiren duşuşygyndan soň metbugat ýygnagyny gurady.

Bolgariýanyň Russiýanyň Sofiýadaky Ilçihanasynda işleýän 70 diplomaty “islenmeýän adam” diýip yglan etmek hakyndaky karary boýunça garaýyş beýan eden Lawrow, şol kararyň “bikanundygyny” aýtdy.

Sergeý Lawrow: “Ministrligimiziň garaýyşyna görä ilçihana adaty şertlerde işläp bilmeýär. Elbetde bolgar kardeşlerimize garşylyk görkezeris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow, Papanyň Wekili Zuppi Bilen Duşuşdy
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi
Moskwada GDA-nyň Daşary Işler Ministrleriň Derejesindäki Maslahaty Geçirildi
Lawrow Russiýanyň Aksiýalarynyň Ýadro Betbagtçylygyna Sebäp Bolup Biljekdigini Aýtdy.
Eýran Ermenistany goldady
Önjü Keçeli Siriýa bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy tapgyry barada beýanat berdi