Lebabyň migrasiýa edarasynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi

Lebabyň migrasiýa edarasynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi

Şu günlerde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki edarasynyň öňünde biometriki pasport almak ýa-da onuň möhletini uzaltmak isleýän raýatlaryň sany göz-görtele köpeldi. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy munuň daşary döwletlere wiza almakdaky täze düzgünler bilen ilteşiklidigini aýdýar.

“Häzir daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa we Türkiýä wiza almak isleýän raýatlaryň biometriki pasportunyň möhletiniň gutarmagyna 1 ýyl 6 aýdan köp wagt galan bolmaly. Eger biometriki pasportuň möhletiniň gutarmagyna bir ýarym ýyldan az wagt galan bolsa, onda raýata wiza urlup berilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Çeşmämiziň we lebaplylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, daşary ýurtlaryň ilçihanalary we konsulhanalary munuň sebäplerini düşündirmeýärler.

Azatlyk bu barada Russiýanyň, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanalaryndan telefon arkaly kommentariý alyp bilmedi. Şeýle-de, bu düzgüniň diňe uzak möhletleýin okamak ýa işlemek üçin gidýän raýatlara degişlimi ýa-da onuň gysga wagtlaýyn syýahatçylyga gidýänleri-de öz içine alýandygyny ýa almaýandygyny hem häzirlikçe anyklap bolmady.

“Köp adam bu düzgünden habarsyz, daşary ýurda okamaga ýa-da işlemäge gitmek üçin resminamalaryň ençemesini toplap, özüne döwlet edarasynda işleýän kepil tapyp, Aşgabada gidip, wiza tabşyrdy we bir giden çykdajy etdi. Russiýa çakylyk hatyny oňartmak üçin 300 müň manat çykdajy eden adamlar bar. Olaryň hemmesiniň çykdajylary puja çykdy” diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Bu düzgün köp adamyň biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin howlukmaç sebitiň migrasiýa edarasyna barmagyna getirdi. Ýöne nobata durmak üçin edaranyň öňünde garaşýan lebaplylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, migrasiýa edarasynyň işgärleri nobat üçin talon bermeýärler we olara täze 2024-nji ýylda ýüz tutmagy maslahat berýärler.

“Häzirki wagtda mundan dört-bäş aý ozal talon alanlaryň resminamalary kabul edilýär. Olar resminamalaryny tabşyryp, biometriki pasportlarynyň täzelenmegine garaşýarlar. Bu proses bir aýdan üç aýa çenli çekip bilýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada sebitiň migrasiýa edarasy bilen habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.

Bellesek, Türkmenistanda raýatlar ýurtdan çykmaga we ýurda girmäge niýetlenen biometriki pasportlaryny almak ýa-da olaryň möhletini uzaltmak üçin migrasiýa edarasynda nobata durup, ýörite talon almaly bolýarlar.

Şu ýylyň iýulyndan başlap, Balkanabat we Türkmenabat şäherlerindäki migrasiýa edaralarynda biometriki pasporty almak üçin ýüz tutanlara 2024-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlaryna nobat berildi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky aýlarda gazanç gözleginde daşary döwletlere gitmek isleýän raýatlaryň göz-görtele köpelendigini, olaryň esasan Russiýa, Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara gidýändigini Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berip gelýärler.

Bu habarlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri täze düzgünleri girizip, öz ilatynyň ýurtdan gitmegini ýene çäklendirmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär.

Şu aýyň başynda Lebapdaky migrasiýa edarasynda biometriki pasporty resmileşdirilende sowet döwründe berlen Dogluş hakynda şahadatnamalary kabul edilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki resmi media ykdysady kynçylyklar, onuň ilata ýetirýän täsirleri we munuň bilen bagly raýatlaryň gazanç gözleginde daşary ýurtlara köpçülikleýin gidýändigi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

MHM mollalary şugulçylyga çekýär, başga dinlere uýýan adamlar barada habar bermegi talap edýär
Aşgabat-Moskwa uçar gatnawynyň dikeldilmegi 'bilet parahorlugyny güýçlendirýär'
Ýeňiş gününi belleýän Türkmenistanda Sowet mirasyna garşy wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlanýar
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyndan soň balkanlylara 'zaýalanan un' satyldy
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär