Lebabyň saglyk edaralarynda prokuratura barlaglary geçirilýär

Lebabyň saglyk edaralarynda prokuratura barlaglary geçirilýär

Marynyň döwlet-edara kärhanalarynda, şol sanda bilim ojaklarynda dowam edýän derňew işleriniň arasynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynyň saglyk edaralarynda hem prokuratura barlaglarynyň alnyp barylýandygyny habar berýärler.

“Türkmenabatda 10-a golaý keselhana, alty sany saglyk öýi bar, şolaryň ählisinde prokuratura barlaglary alnyp barylýar” diýip, bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Seljeriş işleri esasan lukmançylyk enjamlary boýunça derňewleri we derman serişdeleriniň barlaglaryny öz içine alýar. Saglyk merkezlerindäki dermanlaryň ýaramlylyk möhleti hem barlanýar.

Saglyk işgärleriniň sözlerine görä, geçirilýän derňewlerde keselhanalaryň material üpjünçilik ýagdaýy, abatlaýyş zerurlyklary ýa-da lukmanlaryň arz-şikaýatlary seljerilmeýär.

“Saglyk işgärleri öz harajatlarynyň hasabyna medisina eşiklerini satyn alyp geýýärler. Hassahanalaryň ýa-da saglyk merkezleriniň abatlaýyş işlerine diýlip, ýylda iki gezek saglyk işgärlerinden pul toplanýar” diýip, bir lukman şikaýat edýär. Ýöne özleriniň arz-şikaýatlaryna garalmaýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan medisina işgärleri şäherdäki ähli saglyk öýleriniň rekonstruksiýa işlerine, durkunyň täzelenilmegine mätäçdigini aýdýarlar.

Keselhanalardaky demir krowatlar, krowatlaryň üstüne ýazylýan matraslar könelip, olardan peýdalanýan näsaglar rahatlyk tapyp bilmeýär. Saglyk işgärleri keselhanalaryň maddy üpjünçilik zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmaýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, keselhanalardaky diwarlar suwaga mätäç, pollardaky düşeklik linonimler ýyrtylyp ýatyr. Işçilerden pul toplap, linonimleri ýamaýarlar diýip, saglyk işgärleri aýdýar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň saglyk edaralarynda alnyp barylýan seljeriş işleri barada sebit häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Biraz öň, Azatlygyň habarçylary Aşgabatdan iberilen prokuratura işgärleriniň, sülçüleriň Mary welaýatynyň döwlet-edara kärhanalarynda, şol sanda bilim ojaklarynda derňew işlerini geçirýändiklerini habar berdiler.

Bu sebitde geçirilen barlaglar esasan mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde, hünär mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda iş orunlary boýunça maglumatlaryň toplanylmagyna gönükdirildi.

Lebaply saglyk işgärleri welaýat merkezindäki keselhanalarda käbir lukmançylyk enjamlarynyň, şol sanda rentgen enjamlarynyň juda könelendigini aýdyp, bu ýagdaýyň derňewçileriň ünsüni özüne çekmegine umyt bildirýärler.

Gündogar sebitiň saglyk edaralarynda alnyp barylýan barlaglar ýurtda şu günler keselçilik hadysalarynyň has ýygy-ýygydan habar berilýän pursatlaryna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary fewralyň başynda ýurduň demirgazyk sebitlerinde gyzamyk keseliniň ýaýraýandygyny, ýanwaryň ortalarynda günorta-gündogar sebitlerde dümew keseliniň möwjeýändigini habar berdiler.

Bu aralykda, Aşgabatda gaýragoýulmasyz tiz kömek gullugyna has köp jaň edilip, has köp ýardam soralyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň tiz kömek gullugynyň telefon jaňlarynyň ählisini kanagatlandyryp bilmeýändigini, käbir saglyk şikaýatlary bilen ýüz tutýan adamlaryň maşgala lukmanlaryna ugrukdyrylýandygyny habar berdiler.

Mary we Lebap welaýatlarynda alnyp barylýan prokuratura derňewleri Türkmenistanyň öňki baş prokurorynyň wezipesinden boşadylyp, onuň tussag edilendigi baradaky habarlaryň syzyp çykýan pursatlaryna-da gabat gelýär.

Döwlet mediasy 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň öňki baş prokurory Serdar Mälikgulyýewiň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri fewralyň başlarynda öňki baş prokuroryň, hem-de onuň yz ýany wezipesinden boşadylan Aşgabat şäheriniň öňki prokurorynyň tussag edilendiklerini habar berdi.

Döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal ýurduň edara-kärhanalarynda geçirilýän derňew işleriniň netijeleri, ýol berilýän kemçilikler, düzgün bozmalar barada habar berýär. Şeýle habarlarda köplenç prokuratura edaralary dürli kanun bozmalarda aýyplanýan döwlet gullukçylary we beýlekiler barada hasabat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda gyzamyk keseli ýaýraýar
Paýtagtda we Balkanda dem alyş keselleri ýene ýaýraýar
'Mekdep, köçe arasyndaky uruş'. Türkmen ýaşlarynyň arasynda köçe toparlarynyň 'meşhurlygy' artýar
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Keselhanalardaky mugt derman gytçylygy we häkimiýetleriň peýdasy'