Lebap sement zawodynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär

Lebap sement zawodynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär

Lebap sement zawody Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir, kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenendir.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän zawod 2013-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga berildi. Geçen on ýylyň dowamynda kärhana PS 500-D0-N TDS 753-2020 belgili; PS 400-D0-N TDS 753-2020 belgili we beýleki sement önümleriniň önümçiligini ýola goýdy. Olaryň hatarynda portlandsement, şeýle hem gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda peýdalanylýan sulfata durnukly sement bardyr.

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň himiki we organiki maddalaryň tehnologiýasy barlaghanasynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda zawodda mineral goşundylaryň goşulmagy bilen PS 400-D20-N we PS 500-D20-N belgili sement önümçiligi özleşdirildi. Sementiň bu täze görnüşi betonyň berkligini, dykyzlygyny we sowuga garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, şonuň esasynda hem ol ýurduň dürli sebitlerinde we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar.

Sement önümçiliginde çig mal hökmünde Köýtendag etrabynyň çägindäki känlerden gazylyp alynýan hek daşy, palçyk, gips, kwars çägesi peýdalanylýar.

Lebap sement zawody 2022-nji ýylda 1,1 million tonna sement öndürdi, şonuň bilen birlikde, kärhana dürli belgili sementleriň 55 müň tonnasyny daşary ýurtly sarp edijilere eksport etdi.

Sement sarp edijilere 50 kilogramlyk haltalarda satylýar, şeýle hem uly möçberlerde ürgün görnüşde awtoulag serişdelerine we ýörite demirýol ýük wagonlaryna ýüklenilýär.

2020-nji ýylda Lebap welaýatynyň sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy başlandy, munuň özi öndürilýän önümleriň gerimini we eksportynyň geografiýasyny giňeltmäge mümkinçilik döreder.

Lebap sement zawodynyň habarlaşmak üçin maglumatlary: Lebap welaýaty, Köýtendag etraby. Telefon: (+993 422) 3 13 93. Faks: (+993 422) 3 16 90.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Şir Ýag zawody Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiligini işjeň ýola goýýar
03.09.2017 | Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna käbir üýtgetmeler girizildi
Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda eksporta ugradylýan ýokary oktanly benzin çykarmak ýola goýuldy
Döwlet serhet gullugy: däpleriň ruhunda, häzirkizaman ýagdaýlaryň jähtinden