Lebap we Mary welaýatlarynda “Ýylyň zenany” atly gözden geçiilişiň sebit tapgyrlarynyň jemi jemlenildi

Türkmenabatda we Maryda “Ýylyň zenany” atly milli gözden geçirilişiň welaýat tapgyrlary geçirildi. Abraýly emin agzalary alty ugur boýunça ýeňijileri kesgitlediler.

Dänew etrabynyň “Babadaýhan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýsara Ergeşowa Lebap welaýatynda oba hojalyk işgärleriniň iň gowusy diýlip ykrar edildi.Kerki etrap hassahanasynyň bölüm ýolbaşçysy Dilber Penjiýewa diňe bir hünär ussatlygyny däl, eýsem guramaçylyk ukybyny-da görkezýär. “Ene mähri” ugrundan Türkmenabadyň 39-njy orta mekdebiniň mugallymy Akmaral Hudaýgulyýewa has köp ses berildi.

Onuň kärdeşi we ildeşi 26-njy mekdepden Annajan Hudaýberdiýewa çeper ellidigini görkezdi.Harby gullukçy Dürligözel Burkazowa borjuny birkemsiz ýerine ýetirmegiň nusgasy boldy.Sungata gulluk etmegi hünär edinenlerden Döwletli etrabynyň Medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Gülkamar Hemraýewa birinji orny eýeledi.

Mary welaýatynda Garagum etrabynyň 6-njy mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Şeker Gylyjowa, Mary şäher çeperçilik mekdebiniň küýzegärlik boýunça mugallymy Annasoltan Durdygylyjowa, 2-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy Gülälek Kadyrowa, gahryman ene, “Täze äý” HK-nyň işgäri Aýjemal Babaýewa, harby gullukçy Gunça Berdijumaýewa, Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulşeker Annaorazowa dagy ugurlar boýunça tapawutlandylar.

Sebit tapgyrlarynyň ýeňijileri Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Aşgabatda geçiriljek döwlet derejesindäki gözden geçirilişde öz welaýatlaryna wekilçilik ederler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýadaky täze ilçisini wezipä bellendi, Türkmenistanda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldiler, Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär we beýleki habarlar