Lebap welaýatyna 62 sany täze “John Deere” tehnikasy gelip gowuşdy

Lebap welaýatyna 62 sany täze “John Deere” tehnikasy gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Lebap welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşigine täze “John Deere” 6195M kysymly ekerançylyk traktorlarynyň 62-si gelip gowuşdy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň gündogar sebitiniň oba hojalyk toplumynda dünýäniň öňdebaryjy “Case”, “John Deere”, “Claas” kompaniýalarynyň we Minsk traktor zawodynyň tehnikalary giňden ulanylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu oba hojalyk tehnikalary ýokary öndürijilikli we tygşytly bolup, meýdan işleriniň ähli talaplaryna doly laýyk gelýär.

Şeýle hem habarda täze oba hojalyk tehniklarynyň gelip gowuşmagy, häzirki wagtda bugdaý ekişine taýýarlyk görýän daýhanlar üçin uly goldawyň bolandygy aýdylýar.

Bulardan başga-da, Lebap welaýatynyň suw hojalygy edaralarynyň işgärlerine duşenbe güni traktorlar bilen bir hatarda 30-dan gowrak buldozerler we ekskawatorlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň gündogar we beýleki sebitlerindäki tehnoparklaryň üstüniň doldurylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygy ösdürmäge gönükdirlen syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

IIHF guramasy Türkmenistanyň ýaş hokkeý toparlaryny sport esbaplary bilen üpjün etdi
Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 42-si satuwa çykarylýar
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi türkmen türgenleri üçin sport iýmitlerini satyn alar
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 42 desga satuwa çykarylýar
Sarahs etrabynda gowaça ekişi tamamlanýar
Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi