
Geçen hepde Lebap welaýatynyň Seýdi, Saýat we Garabekewül etraplarynda adam başyna 5 kilo un döwlet bahasyndan satyldy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
Eger maşgala 15 kilo un düşýän bolsa, onda unuň ýanyndan bir guty “Aý Nur” atly kir ýuwulýän soda hem 10 manatdan satyldy.
Käbir dükanlarda bolsa, kir ýuwulýan sodanyň ýerine Ukraýn guşonkasy we 2018-nji ýylda möhleti geçen türkmen pomidor pastasy satylýar.
Satyjylar munuň alyjylar birleşiginiň talabydygyny nägile müşterilerine aýdyp, polisiýa we ýerli häkimiýetlere arza ýazmagy maslahat berýärler.
Maý aýynyň başlarynda “TH-niň” beren habaryna laýyklykda, Lebap welaýatynyň käbir obalarynda aýlyk paýkalaryň ýanyndan goşmaça berilýän harytlary satyn almazlygyna rugsat edilipdi.
Munuň üçin ýerli geňeşligiň ýolbaşçysynyň adyna ýazmaça hat ýollamaly we ol etrabyň häkimligine hem alyjylar birleşiigne iberiler. Bu işleriň 2-3 aýa çekmegi ähtimal.
Emma, mundan soňra arza beren maşgala döwlet bahasyndan bellenen azyk önümlerini zerur bolmadyk harytsyz satyn alyp bilýärler.
Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekiliniň (Ombudsmeniniň) 2021-nji ýyl boýunça hasabatynda hem gyt azyk önümleriniň ýanyndan gerekmejek harytlary satyn almagyň zerurdygy ýatladylýar.The post Lebap welaýatynda döwlet bahasyndan satylýan un bilen birlikde kir ýuwulýan soda hem satyn almaly first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.