Lebap welaýatynda gowaça çigidiniň tapawutly görnüşi taýýarlanylýar

Lebap welaýatynda gowaça çigidiniň tapawutly görnüşi taýýarlanylýar

Lebap welaýatynda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanylýar. Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda hem bu işler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, beýleki kärhanalardan tapawutlylykda bu ýerde tohumy daşynyň gabygyndan arassalanylan görnüşde taýýarlaýarlar. Bu çigitler takyk ekijiler üçin niýetlenilendirler.

Lebap welaýatynda Monosem, Gaspardo, Cansa kysymly kuwwatly ekijileriň 95-si möwsüme doly derejede taýýar edilip goýuldy. Olaryň ep-esli tohumy tygşytlaýandyklaryny, gowaça gögerip çykanyndan soňky el işleriniň zerurlygyny aradan aýyrýandyklaryny geçen ýyllaryň tejribesi görkezdi.

Etrabyň Garabekewül, Ak gala we Lamma daýhan birleşiklerine degişli ekin meýdanlarynda gowaçanyň tohumlyk çigidi ýörite ýetişdirilýär. Şonuň üçin hem bu hojalyklardan gelýän hasyl aýratyn işlenilip, gowaça çigitleri tohumlyk üçin niýetlenilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Ýaşaýjylar Halk maslahatynda edilýän teklipleriň halka zyýandygyny aýdýarlar
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Kärendeçiler hereket çäklendirmelerinden zeýrenýär, gök-bakja ekinleri çüýreýär. Izolýasiýadaky Farapda azyk gytçylygy döredi
GYSSAGLY: Türkmenistanda 18 harby gullukçy öldi