Lebap welaýatynda pagta ýygym möwsümi bäş gün möhlet bilen uzaldyldy

Lebap welaýatynda pagta ýygym möwsümi bäş gün möhlet bilen uzaldyldy

Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda biraz öň 12-nji dekabrda tamamlanylmagy meýilleşdirilen pagta ýygym möwsümi bäş gün möhlet bilen, 17-nji dekabra çenli uzaldyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berýär.

Ýygym möwsüminiň möhletiniň uzaldylmagy welaýatyň öz üstüne alan pagta plan borçnamasynyň heniz doly ýerine ýetirilmezligi bilen düşündirilýär.

Welaýat häkimligi her bir etrapdan, şol sanda Halaç, Saýat we Çärjew etraplarynyň her biriniň gowaça meýdanlaryndan ýene-de 100 tonna pagta hasylynyň ýygnalyp döwlet harmanyna tabşyrylmagyny görkezme beripdir diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli häkimiýetlere salgylanýar.

Mundan ozal, ýerli häkimiýetler sebitde pagta ýygym möwsüminiň 12-nji dekabrda tamamlanylmagyny meýilleşdirýändiklerini yglan edipdi.

Ýygym işleriniň bäş gün möhlet bilen uzaldylmagynyň yz ýany, Çärjew etrabynyň gowaça meýdanlarynda ýygymçylaryň toparlaryny görmek bolýar.

Sebitde howanyň temperaturasy 12-nji dekabrda -9 gradusa çenli aşaklady, muňa garamazdan gowaça meýdanlarynda ýygym işleri dowam edýär.

Gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyna býujet işgärleri hem gatnaşdyrylýar. Ýöne işgärlere meýletin ýygymçylaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga rugsat berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen sişenbe güni söhbetdeş bolan býujet işgärleri, ýygyma gatnaşmak üçin öz orunlaryna hakyna tutma adam iberendiklerini aýdýarlar. Hakyna tutulýan işçiler zähmet tölegleri kesgitlenilende howanyň temperaturasyny nazarda tutýandyklaryny aýdýarlar.

“Býujet işgärleri bu gün meýletin ýygymçylary hakyna tutup, öz orunlaryna gowaça meýdanlaryna iberdiler. Hakyna tutulan işçiler sowuk howany göz öňünde tutup, 50 manat pula razy bolýarlar” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýygymçylar gowaça meýdanlarynda esasan ýere gaçan pagta hasylyny ýygnap almak işleri bilen meşgullanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Çärjew etrabynda synlan gowaça meýdanlarynda ýygymçylar ýere gaçan pagta hasylyny ýygnap, tereziden geçirýärler we fartuklaryny ekin meýdanynyň bir künjüne gapgarýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Şu ýyl Lebap welaýatynda pagta möwsüminde mejbury zähmetden peýdalanylmagyna sentýabr aýynda iki hepde töweregi arakesme berildi.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji sentýabrda ençeme edara-kärhanalarynyň işgärleriniň ýygym işlerinden boşadylandygyny habar berdiler.

Bu ýagdaýa parallel, sentýabr aýynda Halkara zähmet guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagyna syn etmek üçin ýurda sapar etmegine rugsat berlendigi mälim boldy.

Türkmenistanda iş ýüzünde awgustyň ortalarynda, resmi taýdan sentýabryň ilkinji günlerinde pagta möwsümine girişilýär we ýygym işleri dekabr aýynda hem dowam etdirilýär.

Döwlet metbugaty şu wagta çenli diňe Balkan welaýatynyň pagta plan borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirendigini habar berdi. Bu welaýatda 12-nji noýabra çenli 16 müň tonnadan gowrak hasylyň döwlet harmanyna tabşyrylandygy habar berildi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine görä, 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde welaýatlarda şu günler möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berildi.

“Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ähli sebitlerde pagta hasylyny ýygnamak, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri geçirilýär, oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar” diýip, TDH hökümet mejlisine salgylanýar.

Şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdana ekilen gowaçadan 1 million 250 müň tonnadan gowrak hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda pagta ýygym möwsümi bäş gün möhlet bilen uzaldyldy
Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär
Balkanabatda nobatda duran adamlar pagta meýdanlaryna äkidilýär
Mary welaýatynyň 'reformaçy' täze häkimi oba ýolbaşçylaryny çalyşýar, 'talapkärligi talap edýär'
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
Türkmen pagta meýdanlary ir hasyl berip başlady