Lebap welaýatynda Şir Ýag çalgy ýag zawody dabaraly açyldy

Lebap welaýatynda Şir Ýag çalgy ýag zawody dabaraly açyldy

Lebap welaýatynda çalgy ýag önümlerini öndürýän Şir Ýag zawodynyň dabaraly açylyşy boldy.

Kärhana ýeňil awtoulaglar, ýük awtoulaglary, şeýle hem oba hojalygynda ulanylýan awtoulag tehnikalarynyň köpdürli görnüşleri üçin çalgy önümlerini öndürmäge ýöriteleşendir.

Öndürilýän önümleriň assortimentine şeýle hem senagat çalgy ýaglary, dişli we geçiriji çalgy ýaglary, gidrawliki ulgam ýaglary hem girýär.

Şir Ýag — bu 25 000 inedördül metr meýdany öz içine alýan döwrebap zawoddyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 80 tonna ýa-da ýylda 20 000 tonna ýetýär.

Zawodda önümiň hiline berk gözegçilik üpjün edilýär. Ähli çalgy ýaglary kärhananyň öz tejribehanalarynda köp tapgyrlarda synagdan geçirilýär.

Bu ýerde önümleriň Türkmenistanyň döwlet standartlaryna (TDS), şeýle hem ASTM we DIN halkara standartlaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.

Şir Ýag öňde uly mümkinçilikli wezipäni — Türkmenistanyň içerki bazarynyň import edilýän çalgy ýaglaryna garaşlylygyny azaltmagy maksat edip goýýar.

Bu maksada ýetmek üçin bolsa kärhana häsiýetli aýratynlyklary boýunça daşary ýurtlaryň şu hili önümlerinden derejesi pes bolmadyk hem-de türkmen alyjylary üçin has amatly bahalardan ýetirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge ähmiýet berýär.

Şir Ýag çalgy ýaglarynyň ähli önüm görnüşleriniň eýýäm Türkmenistandaky ähli ýöriteleşdirilen dükanlarda satyn almak üçin elýeterlidigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Şir Ýag zawody Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiligini işjeň ýola goýýar
03.09.2017 | Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna käbir üýtgetmeler girizildi
Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda eksporta ugradylýan ýokary oktanly benzin çykarmak ýola goýuldy
Döwlet serhet gullugy: däpleriň ruhunda, häzirkizaman ýagdaýlaryň jähtinden
Bäsleşige ukyply panbarhat matalar