Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar

Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar

Türkmenistanda awtoulag ýangyjynyň ýiti ýetmezçiligi indi daşary ýurtlardan ýük daşaýan ulaglara-da täsir etdi. Ýurduň serhetýaka sebitlerinde ýük daşaýan awtoulaglaryň birnäçe kilometrlik nobatlary peýda boldy. Ýangyç stansiýalarynda dizel ýetmezçiligi sebäpli ýük awtoulaglary ýoluny dowam etdirip bilmeýärler.

Şu günler Lebap welaýatynda dizel ýangyjyny tapmak mümkin däl diýen ýaly. Ýagdaý günsaýyn erbetleşýär. Serhetýaka Farapdan Mara barýan uly ýolda, her ýerde topar bolup duran köpsanly daşary ýurt belgili ýük awtoulagy duş gelýär.

Hususan-da, Çärjew etrabyndan geçýän awtoulag ýolunyň ugrunda uzynlygy üç kilometrden gowrak hatara duran ulaglary görmek mümkin. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berýär.

Habarçynyň sözlerine görä, munuň sebäbi ýangyç stansiýalarynda dizel ýangyjynyň ýetmezçiligi: “Dizelde işleýän ulaglar ýangyç guýulýan stansiýalara salynmaýar. Olara dizel ýangyjynyň ýokdugyny aýdýarlar. Muňa garamazdan köp sanly awtoulagyň, şol sanda daşary ýurt belgili ýük ulaglarynyň we dizel bilen işleýän ýerli awtoulaglaryň uly nobatlarda durandygyny görse bolýar".

Şuňa meňzeş ýagdaý welaýatyň beýleki ýerlerinde-de saklanýar. Ýangyç stansiýalarynyň golaýynda ýerinden butnaman duran awtoulag hatarlaryny Saýat we Halaç etraplarynda, şeýle-de Kerki şäherinde görmek bolýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, 27-nji we 28-nji noýabrda Çärjew etrabynyň aýlaw ýolunyň ugrunda ýerleşýän üç ýangyç stansiýasynyň ählisinde dizel ýangyjy ýokdy.

Käbir sürüjiler ýükli tirkeglerini nobatda galdyryp, ýangyç gözlemek üçin Türkmenabada gidýärler.

"Adatça ýük daşaýan ulaglaryň sürüjileri goşmaça gaplary ýangyç bilen dulduryp, öz ýanlarynda atiýaçlyk üçin saklaýarlar. Indi ätiýaçlyk üçin ýangyç beýlede dursun, olarda ýurtdan çykmaga-da mümkinçilik ýok. Nobatdaky adamlar daşary ýurt awtoulaglary üçin 100 litrden ýangyç berlip başlanjakdyklaryny aýdyp, umyt edýärler" diýip, sürüjileriň biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýangyç krizisiniň sebäpleri barada ýerli resmilerden maglumat alyp bilmedi.

Şu günler Türkmenabatdaky ýangyç guýulýan stansiýalarda şäheriň jemagat gulluklaryna degişli awtoulaglar köp.

Dizel ýangyjynyň ýetmezçiligi jemgyýetçilik transportunyň işine-de täsir etdi. Lebap welaýatynyň awtoparkyndaky dizel bilen işleýän awtobuslaryň köpüsi 27-nji we 28-nji noýabrda işe çykmady. Ýolagçylar hususy ulag hyzmatlaryndan peýdalanmaly boldular.

Türkmenistanda awtoulag ýangyjynyň ýetmezçiligi tomusdan bäri dowam edýär. Dizel ýangyjynyň ýetmezçiligi noýabryň ortalarynda has ýitileşdi. Munuň bilen bir wagtda benzin hem gytaldy.

Geçen hepde Mary welaýatyndaky ýangyç guýulýan stansiýalarda A-92 we A-95 benzini satuwdan aýryldy, A-80 benzini çäkli mukdarda satyldy. Ýangyç stansiýalarynyň öňünde ullakan nobatlar saklandy. Sebit merkezlerinden uzakda ýerleşýän obalarda ýangyç ýetmezçiligi hasam güýçli duýuldy.

Türkmenistan içerki söwdada benziniň bahasynyň arzançylygy boýunça dünýäde iň öňdäki 10 ýurduň hatarynda galýar. Ýurtda A-95 benzininiň bir litriniň bahasy içerki sarp edijilere 1 manat 50 teňňeden satylýar bu Merkezi bankyň kursy boýunça 0,4 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Dünýäde energiýa resurslaryna iň baý ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda, “British Petroleum” kompaniýasynyň 2021-nji ýyldaky hasabatyna görä, 600 million barrel mukdarda subut edilen nebit gorlary bar.

Türkmen hökümeti nebit önümleriniň eksportyny yzygiderli artdyrýar. Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümlerini satyn alýan ýurtlaryň arasynda Özbegistan, Owganystan, Russiýa we Eýran bar.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri ýurduň içinde ýygy-ýygydan döreýän ýangyç ýetmezçiligi we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda ýene benzin gytçylygy emele geldi, ýangyjyň gara bazary peýda bolup başlady
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Dizel gytçylygy: Beketlerdäki dizeliň tas ýarysy üstaşyr barýan halkara ýük ulaglaryna satylýar
Maryda dizel ýetmezçiligi ýitileşýär, obalarda ol gizlin we gymmat bahadan satylýar
Ýurda aralaşan sowuk howa gündogar sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär
Türkmenistanda dizel gytçylygy ýitileşýär, häkimiýetler çäkli üpjünçiligi ýola goýýar