Lebapda geçen ýylyň pagtasyny gaýtadan işlemek işi tamamlandy

Lebapda geçen ýylyň pagtasyny gaýtadan işlemek işi tamamlandy

Lebap welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda geçen ýylyň hasylyny gaýtadan işlemek işi üstünlikli tamamlandy. Olarda möwsümara abatlaýyş işlerine guramaçylykly girişildi diýlip, welaýat gazeti tarapyndan habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gymmatly çig mallary abat saklamak we çuňňur gaýtadan işlemek bilen bolsa kärhanalaryň 11-si meşgullanýar. Olary geljek möwsüme göreldeli taýýarlamak üçin maksatlaýyn çäreler ýaýbaňlandyrylýar.

Önümçilik bölümlerini abatlamak işlerini kärhanalaryň işgärleri öz güýçleri bilen ýerine ýetirýärler. Bu işlerde Dänew, Garaşsyzlyk pagta arassalaýjy kärhanalarynyň hünärmenleri has öňe saýlanýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda, Lebapda ilatly ýerler uzak wagtlap toksuz galýar
Nepaldaky protestler türkmen ýaşlaryny syýasy çekişmelere çekýär - çeşmeler
Türkmenabatly telekeçiler barlagçylaryň 'paç' talap etmeginden nägile
Maryda günebakar ýagynyň çäkli satuwy ýola goýuldy, Lebapda ilatyň nägileligi “artýar”
Türkmenabadyň agyz suw desgasynda näsazlyk ýüze çykdy, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi kesildi
Diňle: Lebapda benzin her bir ulaga 10 litr möçberinde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlandy