Lebapda gurlan baş metjidiň bahasy barada täze jikme-jiklikler aýan boldy

Lebapda gurlan baş metjidiň bahasy barada täze jikme-jiklikler aýan boldy

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we habarçylary Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde üç ýyl ozal açylyp, ulanylmaga berlen baş metjidiň gurluşygynyň bahasy barada täze detallary anyklady.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda bina edilýän täze desgalar üçin sarp edilýän döwlet serişdeleri barada köplenç açyk hasabat bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sebitiň baş metjidiniň gurluşygyna sarp edilen döwlet serişdeleri barada täze jikme-jiklikleri anyklady.

Ýatlasak, 2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda gündogar welaýatda iň iri metjit ulanylmaga berildi. Desganyň açylyş dabarasyna öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşypdy.

Bu metjidiň düýbi açylyşdan bäş ýyl öň, 2015-nji ýylyň iýunynda tutulypdy, ýöne ýurda aralaşan ykdysady krizis metjidiň açylyşyny yza çekdirdi.

Azatlyga mälim bolan täze maglumatlara görä, metjidiň gurluşygyna, ilkibaşda, bir türk kompaniýasy isleg bildirýär. Daşary ýurt gurluşyk firmasy baş metjit üçin 46 million dollar töweregi baha kesýär, ýöne türkmen hökümeti bu bahany gymmat görýär.

Şeýlelikde, täze metjidiň gurluşygyny ýerli firmalara tabşyrmak barada karar kabul edilýär. Munuň yz ýany, düýbi Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän “Altyn gül” hususy kompaniýasy sebit metjidiniň gurluşygy boýunça geçirilen tender bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edilýär.

Ýerli kompaniýa metjit üçin 27 million dollar töweregi nyrh soraýar. Ýöne 2017-nji ýylda ýurda aralaşan ykdysady krizisiň has-da ýitileşmegi bilen, metjidiň gurluşyk işleri yza tesdirilýär.

2018-2019-njy ýyllarda, bir ýyl töweregi möhlet bilen, metjidiň gurluşygy togtadylýar. 2019-njy ýylda gurluşyk işlerine gaýtadan badalga berilýär.

Döwlet media serişdeleri 2020-nji ýylyň fewralynda Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyş dabarasyny görkezdi. Ýöne resmi habarlarda täze desganyň gurluşygyna sarp edilen döwlet serişdeleriniň möçberi agzalmady.

Iki gatly metjidiň umumy meýdany 5 gektara barabar bolup, ol ýerde bir wagtyň özünde 3 müň adam namaza durup bilýär. Metjide berkidilen dört minaranyň her biri 63 metr, gümmeziň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Metjidiň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy diýip, döwlet metbugaty habar berdi, ýöne gurluşygyň bahasyny aýdyňlaşdyrmady.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda metjitleriň we sadaka jaýlarynyň sany ep-esli artdy. Ýurduň her bir welaýatynda täze metjitler ulanylmaga berildi.

Ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde sebitiň baş metjidiniň düýbi tutuldy. Sebitde täze metjit bilen bir hatarda medrese-de bina ediler.

Ahal welaýatynda takmynan 35 gektar meýdanda gurulýan täze metjitde, resmi habarlarda aýdylmagyna görä, bir wagtda 15 müň adam namaza durup bilýär. Täze metjidiň minalarynyň beýikligi 104 metr bolup, döwlet metbugatyna görä, minaralara ýokary tizlikli liftler ornaşdyrylar.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary ýurtda gurulýan metjitler üçin ýerli ýaşaýjylardan haýyr-sahawat serişdeleriniň toplanýandygyny habar berdiler.

Ýerli synçylar Türkmenistanda açylyp, ulanylmaga berilýän täze desgalaryň, gymmatbaha maslahat köşkleriniň, myhmanhanalaryň we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köplenç halatda boş galýandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, ýurt raýatlary indi ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär.

Döwlet metbugaty ýönekeý raýatlaryň agyrlaşýan gündelik güzeran şertlerini agzamazdan, täze desgalary bagtyýar zamanada ýetilen belent sepgitler hökmünde mahabatlandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar
Dubaýda “ýüzýän” metjit gurlar
Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy, Arkadagda çagalar seýilgähiniň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar
Nigeriýada Metjide Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
“Her molla öz bilenini okar”. Häkimiýetler döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edýär