Lebapda iri şahly mallar ýene köpçülikleýin haram ölýär

Lebapda iri şahly mallar ýene köpçülikleýin haram ölýär

Lebap welaýatynda iri şahly mallaryň kesellemegi we köpçülikleýin haram ölmegi bilen bagly ýagdaý gaýtadan ýüze çykdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji ýanwarda Lebapdan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Darganata etrabynda öz hususy hojalygynda mal saklaýan maşgalalar we döwlete degişli maldarçylyk fermalary mallaryň köpçülikleýin kesellemegine garşy göreşýärler.

Darganataly maldarlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy iri şahly mallaryň köpçülikleýin kesellemegi bilen bagly ýagdaýyň etrabyň "Çarwadar", "Üçkersen" we "Gabakly" daýhan birleşiklerinde has-da ýiti duýulýandygyny hem aýtdy.

"Bu kesel diňe iri şahly mallara - sygyrlara - ýokuşýar. Kesellän sygyrlaryň dilinde we agyz boşlugynda ýaralar peýda bolýar" diýip, darganataly maldarlaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Maldaryň aýtmagyna görä, bu kesel bilen kesellän iri şahly mallaryň ortaça 30%-i haram ölýär. Eger olar wagtynda bejerilmese, bu görkeziji 80%-e çenli ýokarlanýar.

Azatlygyň habarçysynyň tassyklamagyna görä, Darganata etrabyndaky weterinariýa gullugynyň işgärleri sygyrlaryň nähili kesele ýolugýandygy barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Ýöne olaryň dil üsti bilen berýän maglumatlaryna görä, mallar il içinde "owsul gylaw" atlandyrylýan "sowigripp" (Sowiy gripp) wirusy bilen keselleýärler. Şol bir wagtda, weterinariýa işgärleri wrusyň gelip çykyşy we bejergisi barada maglumat bermeýärler.

"Häzir syr däl. Weterinariýa dermanhanalarynyň hiç birinde bu keseli bejermek üçin derman ýa-da waksina ýok" diýip, darganataly başga bir maldar anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Şol bir wagtda, maldarlaryň sözlerine görä, weterinariýa gullugynyň işgärleri mallary keselçilikden halas etmek üçin ýüzärligi gaýnadyp, onuň suwuna sygyrlaryň agyz boşlugyny we dilini ýuwmagy maslahat berýärler.

"Weterinariýa işgärleri mal eýelerine, çopanlara, şeýle-de maldarçylyk fermalarynyň işgärlerine mallaryň agyz boşlugyny we dilini ýuwmak üçin margansowkadan peýdalanmagy hem tabşyrýarlar. Margansowkanyň 5 gramynyň bahasy 200 manada çenli gymmatlady. Şeýle-de, käbir weterinariýa işgärleri sygyrlaryň dillerini duz bilen arassalamagy hem maslahat berýärler" diýip, darganataly maldar aýtdy.

Türkmenistanda ilatyň howlusynda saklaýan ýa-da süýdünden peýdalanýan haýwanlaryň, şeýle-de düýeleriň näbelli kesele ýolukmagy we köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosy soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ençeme gezek habar berdi.

Türkmenistanda soňky ýyllarda hojalyk mallaryň we düýeleriň näbelli kesele ýolukmagynyň hem-de köpçülikleýin ölmeginiň sebäpleri barada ýurt resmileri tarapyndan resmi düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan lebaply maldarlar munuň sebäplerini indi üç ýyl bäri iri we ownuk şahly mallara döwlet tarapyndan möwsümleýin kesellere garşy sanjymlaryň edilmezligi bilen düşündirýärler.

"Maldarlar döwlet tarapyndan mugt üpjün edilmeli hyzmatlar, şol sanda weterinariýa hyzmatlary üçin-de pul töleýärler. Sebäbi ýerli weterinariýa gullugynyň işgärlerine indi bir ýyl bäri aýlyk tölenmeýär" diýip, darganataly maldar aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Darganata etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden hem kommentariý alyp bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Mejlisde Türkmenistanyň birnäçe Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli itşynaslygyň döwrebap düzümi döredilýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Kinologiýa ulgamynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Köpçülikleýin mal ölümleri baradaky habarlaryň fonunda, Aşgabatda ýene arzan et peýda boldy
Maryda iri şahly hojalyk mallary näbelli kesele ýolugyp, köpçülikleýin haram ölýär