Lebapda, Maryda ýagan güýçli ýagyş we ýel ilatyň elektrik üpjünçiliginiň uzakly gün kesilmegine getirdi

Lebapda, Maryda ýagan güýçli ýagyş we ýel ilatyň elektrik üpjünçiliginiň uzakly gün kesilmegine getirdi

Türkmenistanyň birnäçe sebitinde güýçli ýagyş ýagdy we ýel turdy.Lebap we Mary welaýatlarynyň aglaba böleginde ilatyň elektrik üpjünçiligi uzakly gün kesildi.Käbir obalarda elektrik sütünleri agdaryldy.Güýçli ýagyş we ýel, şeýle-de, bularyň ilata ýetirmegi mümkin täsirleri barada häkimiýetler tarapyndan raýatlara aç-açan resmi duýduryş berilmedi. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary elektrigiň kesilmeginiň esasan hem hassahanalara ýaramaz täsir edendigini habar berýärler.

“Maryda iki gün bäri ýagynly howa şertleri dowam edýär. 28-nji ýanwarda daňdan sagat 5-de ýagyş ýagyp başlady. Uzakly gün ýagan ýagyş we güýçli ýel welaýatda elektrik togunyň kesilmegine getirdi” diýip, maryly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Mary şäherine 28-nji ýanwarda günortandan soň elektrik berlen bolsa-da, Baýramaly, Ýolöten, Tagtabazar we Serhetabat etraplarynda uzakly gün tok bolmady. Bu etraplaryň çetki obalarynda sowet döwründen bäri çalşylmadyk elektrik simleri geçirýän agaç sütünler ýykyldy.

“Şäher we oba ýerlerinde transformatorlaryň simlerinden oduň çykmagy bilen bagly ýagdaýlar yzygiderli ýüze çykdy” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Elektrigiň kesilmegi hususan-da, hassahanalara ýaramaz täsir etdi. Saglyk edaralarynyň diňe operasiýa geçirilýän otaglarynda akkumulýatorlar işledildi.

“Beýleki otaglaryň içi juda sowuk boldy. Sebäbi hassahanalardaky ýyladyş ulgamlary adaty günlerde hem kadaly işlemeýär. Näsaglar öýlerinden elektrik peç getirip, otaglary ýyladýarlar. Tok bolmansoň, olar otaglary ýyladyp bilmediler. Çagalar hassahanasyndaky näsaglaryň ene-atalaryna çagalaryny küti geýindirip, palatanyň gapysyny açman oturmak tabşyryldy” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir maryly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Elektrigiň kesilmeginiň sebäpleri barada ilata aç-açan düşündiriş berilmedi. Ýerli elektrik edaralaryna jaň eden ýaşaýjylaryň ençemesi hem takyk maglumat alyp bilmedi.

“Adamlaryň arasynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň bir böleginde näsazlygyň emele gelendigi barada maglumatlar ýaýrady” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Sebitdäki habarçylarymyz öýlän sagat 4-den soňra welaýatyň aglaba böleginde elektrik üpjünçiliginiň dikeldilendigini, ýöne toguň kesilip, gaýtadan goýberilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň häli-şindi gaýtalanyp durýandygyny hem aýtdylar.

Lebapdaky habarçymyz hem, güýçli ýagşyň we ýeliň welaýatyň esasanam hem Çärjew, Dänew, Darganata, Kerki we Köýtendag etraplaryna täsir ýetirendigini habar berýär.

“Kerki we Köýtendag etraplarynyň günorta obalarynda elektrik geçiriji sütünler hatardan çykdy. Köçelerde palçygyň we laýyň emele gelmegi netijesinde çetki obalaryň welaýat we etrap merkezleri bilen aragatnaşygy ep-esli kesildi” diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 28-nji ýanwarda çap eden habarynda Türkmenistanyň birnäçe sebitinde soňky birnäçe aýyň içinde ilkinji gezek güýçli ýagşyň ýagandygyny habar berdi.

“Lebapda we Maryda tizligi sekuntda 15 metre çenli ýeten ýel hasaba alyndy, käte ondan hem [ýokary] görkezijiler hasaba alyndy” diýlip, habarda bellenilýär.

Güýçli ýagyş we ýel, şeýle-de, bularyň ilata ýetirmegi mümkin täsirleri barada häkimiýetler tarapyndan raýatlara aç-açan resmi duýduryş berilmedi.

Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Azatlygyň bu barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda elektrik edarasynyň we saglygy saklaýyş bölümleriniň resmilerinden teswir almak synanyşyklary hem başa barmady.

Hökümet resmileri ýokary derejeli iş maslahatlarynda ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi barada ýylyň dowamynda ençeme gezek hasabat berýärler.

Muňa garamazdan, energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda ilat elektrigiň kadasyz üpjünçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu ýagdaý, hususan-da, adatdan daşary howa şertlerinde, gyşyň aýazly sowuk we tomsuň jokrama yssy günlerinde, has-da ýitileşýär. Azatlyk bu meseleler barada yzygiderli habar berýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu meseleler barada maglumat bermeýärler.

Ýöne bu habarlaryň arasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy beýlekiler bilen bir hatarda, “energiýany tygşytlamak, energiýadan netijeli peýdalanmak” bilen bagly ýurduň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Dünýägözel Gulmanowa 26-njy ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda munuň nämäni aňladýandygy barada jikme-jik maglumat bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda we Balkanda turan güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Lebapda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Türkmenabatda "ýylyň tozanly ýeli" turdy
Lebapda ýene gum sowrulyp, tozan turdy