Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär

Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär

Lebap welaýatynyň şaly meýdanlaryndaky hasylyň doly ýygnalmagynyň yz ýany, ekerançylyk meýdanlarynda sürüm işleriniň geçirilmegine garaşylýar. Şalyçy daýhanlar sürüm işlerine degişli tehnikalaryň, sürüm traktorlarynyň ýetmezçilik edýändigini, bar bolan oba hojalyk tehnikalarynyň daýhanlaryň girdejileriniň hasabyna abatlanýandygyny aýdýarlar.

“Daýhanlar şalydan boşan ýerleriň sürüm işleri bilen baglylykda oba hojalyk tehnikalarynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Sürüm işleri öz wagtynda alnyp barylmaýar” diýip, lebaply bir oba hojalyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Welaýatyň iň iri etraplarynyň biri bolan Çärjew etrabynyň daýhan birleşiklerinde, şol sanda Watan, Guşçular, Ýasydepe we Lebap daýhan birleşiklerinde şu günler sürüm işlerine degişli oba hojalyk tehnikalary paýlanylyp berilýär.

Lebap welaýatynyň “Obahyzmat” oba hojalyk önümçilik birleşigi sebitiň daýhan birleşiklerini oba hojalyk tehnikalary, ekerançylyk enjamlary we gurallary bilen üpjün edýär.

Tehnikalary abatlamak işleriniň çykdajylary daýhan birleşikleriniň üstüne ýüklenýär. Şalydan boşan meýdanlarda mehanizatorlaryň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň tölegleri daýhanlaryň girdejileriniň hasabyna tölenýär. Oba ýolbaşçylary şeýle maksatlar bilen şalyçy daýhanlaryň hasylyndan kesgitli möçberlerde tutum tuýar.

“Şonuň üçin, daýhan birleşikleriniň başlyklary şaly ösdürip ýetişdiren daýhanlaryň her gektaryndan bir tonna şalyny tutup galýar” diýip, daýhanlar aýdýar.

Amyderýanyň ýakasyndaky sebitlerde, şol sanda Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Halaç, Hojambaz we Kerki etraplarynda döwlet tabşyrygy esasynda şaly ekini ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýan şalyçy kärendeçiler mineral dökünlerine, ekerançylyk suwlaryna we oba hojalyk tehnikalaryna degişli tölegleriň öz girdejilerinden tutulyp galynýandygyny, netijede daýhanlara ujypsyz möçberlerde girdeji tölegleriniň tölenilýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, sebitde özbaşdak şaly ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler hem bar. Ýygnalan hasyly erkin bahadan satmaga hukugy bolan hususy taraplar şaly ekininiň düşewünt getirýändigini aýdýarlar.

Çärjew etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli kärendeçi bäş gektar töweregi meýdandan 33 tonnadan gowrak şaly hasylyny alandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy Çärjew etrabynda şalydan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň barşy barada etrap häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde şaly möwsüminiň barşyny ýakyndan yzarladylar. Habarçylarymyz tomus aýlarynyň ortalarynda gündogar sebitdäki şaly meýdanlarynyň paýlanylmagyndaky deňsizlikler barada habar berdiler. Awgustyň aýagynda Azatlyk Radiosy ýene bir gezek mes toprakly ekerançylyk meýdanlarynyň paýlanyşygyndaky deňsizlik, tanyşparazlyk barada habar berdiler.

Oktýabryň soňky on günlüginde sebitde şaly oragyna girişilýän mahaly, Azatlygyň habarçylary tehnika üpjünçiliginde barlykly we emeldar ýer eýeleriniň ileri tutulýandygyny habar berdiler.

Lebaply kärendeçiler şaly ösdürilip ýetişdirilende adaty daýhanlaryň ala tutulmagynyň döwletiň zyýanyna bolandygyny aýtdylar.

Şol bir wagtda, kombaýn üpjünçiliginde özleriniň deňsizlige uçrandyklaryny aýdan şalyçy kärendeçiler noýabryň birinji hepdesinde, ahyrsoňy etrap häkimligine ýüz tutup, özleriniň ekin meýdanlaryna kombaýn girizmegi başardylar.

Lebap welaýatynda şu ýyl 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekildi. Şolardan 3 müň gektardan gowrak ekin meýdany Çärjew etrabynda şaly ekinine bölünip berildi. Sebitde döwlet tabşyrygy esasynda 47 müň 400 tonna şaly hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulypdy.

Gündogar Lebap welaýaty bilen bir hatarda demirgazyk Daşoguz welaýatynda hem şaly ekinine döwlet tabşyrygy esasynda ekerançylyk meýdanlary bölünip berilýär. Demirgazyk sebitlerde aprel maý aýlarynda, gündogar sebitde bolsa iýunyň ikinji ýarymyna çenli ekiş işleri dowam edýär. Hasyl güýz aýlarynda ýygnalýar.

Resmi metbugata görä, geçen ýyl ýurt boýunça 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekilip, 82 müň 400 tonna hasyl alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Diňle: Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar
23.08.2017 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi