Lebapdaky mejbury pagta ýygymy bir okuwçynyň özüni asmagyna getirdi

Lebapdaky mejbury pagta ýygymy bir okuwçynyň özüni asmagyna getirdi

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň habar bermegine görä, mejbury pagta ýygymy Lebap welaýatynda bir okuwçynyň öz janyna kast etmegine sebäp bolupdyr.Saýat etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň 6-njy orta mekdebiniň 6-njy klasynda okaýan Täzesuwly obasynyň ýaşaýjysy 12 ýaşyndaky Ylhamow Bähram pagta ýygym zorlugyna çydaman 16-njy sentýabrda bazar güni özüni asypdyr.

Obadaşlarynyň anonim ýagdaýda gürrüň bermegine görä, owal onuň ejesi Türkiýä eklenç gözlegine gidipdir.Bu oglanyň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetiripdir.Munuň üstesine kakasy hem 13-nji sentýabrda oglanjygy mamasy bilen babasynyň ýanynda goýup, Stambula işlemäge gidipdir.

Soňky wagtlarda "Pul gerek bolsa pagta gidiň.Ony ediň, muny ediň“ diýip, çaga yzygiderli ýagdaýda basyş edilipdir.Ene-atasyndan aýralygyň üstesine pagta ýygymy üçin edilýän güýçli basyşlar ol okuwçyny janyndan irizipdir.

Wakanyň bolan güni okuwçy oglanjyk günortan babasy bilen mamasynyň ýanyndan atasynyň bolýan ýerine gidipdir.Ol ýerde oturyp, garpyz bilen el ýaly çörek iýipdirler.Ondan soň ol aýakýoluna diýip aýakuja gidip, şol ýerde hem öz janyna kast edipdir.

Aradan 20-25 minut geçenden soň atasy ony çagyrsa ses üýn-çykmandyr. "Bar hany agaňy gör, hajathana ýykyldymy näme jogap berenok“ diýip, inisini onuň yzyndan ugradypdyr.Inisi baryp görse agasy bireýýäm mal tamdan özüni asan ekeni.

Azatlyk Radiosy merhumyň obadaşy we şol mekdepde okan Stambulda ýaşaýan aktiwist Rozubaý bilen söhbetdeşlik geçirdi.Onuň aýtmagyna görä, täze okuw ýylynyň başlamagy bilen duçar bolnan ýeter-ýetmezçilik ene-atanyň mährinden mahrum çagalaryň ruhy ýagdaýyny sarsdyrypdyr.

Mekdepde ätiýaçdan gönümel aýdylmaýan hem bolsa, ene-atalara edilýän basyşlar bilen okuwçylaryň mejbury ýagdaýda pagta ýygymyna gatnaşmagy ýola goýulypdyr. "Mekdep ene-atalary daşary ýurtlarda zähmet migrantlygynda bolan okuwçylaryň ruhy ýagdaýyny göz öňünde turman olary mejbury ýagdaýda köpçülikleýin çärelere sürýär.

Gündiz okuw bolsa, gije pagta ýygym.Okuwçylaryň ýygýan pagtalary barada häkimlige gizlinlikde habar berilýär.Meniň okan mekdebimde ene-atasy zähmet migrantlygynda bolan okuwçynyň öz janyna kast etmegine ilkinji gezek duş gelinýär we bu bizi gaty gynandyrdy. Ýöne, gynansagam mekdepde ýa-da arçynlykda munyň bilen baglanşykly hiç hili ýygnak geçirilmändir. Ýagny mejbury zähmete çekilýän çagalaryň ýagdaýyny alada edýän ýok ýaly. Özüni asan çagajygyň kakasy birnäçe günden Stambuldan yzyna dolanmakçy“ - diýip, Rozubaý sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär: "Lebap daýhan birleşiginiň 6-njy orta mekdebinde hemişe okuwçylar pagta ýygymy, ýollary we köçeleri arassalamak, ýüpek gurçugy döwründe her gün ýaprak getirmek ýaly mejbury zähmete sürülýär.

Edil häzirki pursatda hem ol ýerde çagalaryň pagta meýdanlarynda mejbury ýagdaýda işledilýändigini görse bolýar“ - diýip, aktiwist Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär. Şol bir wagtda, wakadan habarly raýatlaryň Azatlyk Radiosyna tassyklamagyna görä, Bähramyň öz janyna kast etmegine oňa pagta ýygymy bilen bagly edilen basyşlar sebäp bolupdyr. Ýatlatsak, Halkara hukuk toparlary prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň Nýu-Ýorka edýän saparyna gabatlap Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy 1-nji oktýabrda protest çäresini geçirmegi meýilleşdirýär.

Sözi jemlesek, ähli synanşyga garamazdan mejbury zähmete çydaman özüni asan okuwçy barada degişli resmileriň garaýşyny öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan Stambula pul çekmäge gelen zenanlar saklandy
Adamsyny urdurmakda aýyplanýan türkmen zenany tutuldy
Çäklendirmeler türkmenleriň Stambulda bikanun pul biznesine ýol açdy
Stambulda täze türkmen pasportunyň berilýändigi barada bildiriş ýaýradyldy
Türkmen dili: Köne we täze synaglar
Ýurda dolanan lebaply zenan aeroportda 24 sagatlap soraga çekildi