Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýärler

Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýärler

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde lukmanlaryň maýyplara döwlet tarapyndan mugt berilmeli dermanlary almak üçin zerur bolan reseptleri, dermannamalary ýazmakdan ýüz öwürmegi bilen bagly wakalar köpeldi diýip, maýyplaryň ençemesi aýdýar.

Ikinji we üçünji topar maýyplygy bolan türkmenabatlylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bilen söhbetdeşlikde bu ýagdaýa şäheriň saglyk öýleriniň tas ählisinde duş gelse bolýandygyny gürrüň berdi.

“2016-njy ýylda ýiti infarkt geçirdim we ýarawsyzlyk sebäpli işden galmaly boldum. Şondan bäri ýürek kemçiliginden ejir çekýärin we dermanlaryň, preparatlaryň birnäçesini ulanmaly bolýaryn.Bu dermanlar we preparatlar döwlet tarapyndan mugt ýa-da 50 göterim arzan bahadan berilýär. Ýöne soňky aýlarda ýaşaýan ýerime degişli saglyk öýüniň lukmanlary bu dermanlary we preparatlary ýazmakdan ýüz öwürýärler” diýip, ikinji topar maýyplygy bolan türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Maýyplygy bolan türkmenabatlylaryň tassyklamagyna görä, saglyk öýlerindäki maşgala lukmanlary munuň sebäbini resepti ýazmak üçin gerekli blankanyň ýokdugy bilen düşündirýärler.

“Blanka haçan barsaň ýok. Haçan boljakdygy barada sorasaň, bilmeýändiklerini aýdýarlar. Käte resept ýazylyp berlen ýagdaýynda hem, saglyk öýlerine berkidilen hökümet dermanhanalaryna baranyňda, ätiýaçda derman ýok’ diýip, jogap berýärler” diýip, türkmenabatly maýyp belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, bularyň arasynda gan basyşyny peseltmek we gan damarlarynda trombus emele gelmeginiň öňüni almak üçin niýetlenen dermanlar bar.

Şol bir wagtda, bu dermanlary hususy dermanhanalardan we şäheriň “Gök” bazaryndaky derman söwdagärlerinden islendik möçberde satyn alyp bolýar. Emma dermanyň gara bazar söwdagärleri bulary döwlet dermanhanalaryndan tas iki esse gymmat bahadan satýarlar.

“Olaryň arkasynda bikanun derman söwdasyny edýän döwlet emeldarlary bilen bir hatarda, bazaryň polisiýasy we ýolbaşçysy durýar. Sebäbi bu söwdagärler öz gazanjyndan olara paç töleýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Maýyplaryň ençemesi lukmanlaryň mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermezligi, döwlet dermanhanalarynda dermanlaryň tapdyrmazlygy we olaryň hususyýetçilerde tas iki esse gymmatdan satylmagy barada degişli häkimiýetlere edýän ýüzlenmeleriniň oňyn netije bermeýändigini aýdýar.

Olar bu ýagdaýlaryň özleriniň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edip, durmuş we güzeran eklenjini günsaýyn kynlaşdyrýandygyny hem belleýärler.

“Saglyk ministrligine we başga edaralara ýüzlenmekden ýadadym. Meniň arzymy diňlejek adam ýok. Türkiýede zähmet çekýän oglumyň ugradýan puly diňe derman satyn almaga harçlanýar. Ogly daşary ýurtda işlemeýän maýyplar näme etmeli?!” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy maýyplyk pensiýasynyň ýarym aýlyk azygy satyn almaga hem ýetmeýändigini belleýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada saglyk öýlerinden, olaryň lukmanlaryndan, şeýle-de agzalan bazaryň administrasiýasyndan teswir alyp bilmedi. Redaksiýanyň 9-njy aprelde sebitiň saglyk bölümi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda maýyplygy bolan adamlar babatynda “aýratyn alada edilýändigini” tekrarlaýarlar. Ýöne ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz maýyplygy bolan adamlaryň kömek pullarynyň tölenmeginiň gijikdirilmegi, olaryň döwlet tarapyndan mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berilmeli dermanlaryň, dürli bahanalar esasynda, alyp bilmeýändigi, şeýle-de, olaryň dilegçilik etmäge mejbur bolýandygy barada yzygiderli habar berýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda maýyplaryň sany barada resmi maglumat ýok.Türkmenistan maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary boýunça Konwensiýany berjaý edişi barada Birleşen Milletler Guramasyna soňky gezek 2015-nji ýylyň aprelinde hasabat berdi. Şonda türkmen wekilleri Türkmenistanyň pensiýa fondunyň maglumatyna salgylanyp, ýurtda maýyplygy bolan adamlaryň 121 müň 810 sanynyň hasaba alnandygyny, olardan 2 müň 513 sanysynyň I topara, 24 müň 834 sanysynyň II topara we 13 müň 450 sanysynyň III topara degişlidigini mälim etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda arz edilýän blankalar ilata paýlanyp başlandy, uzyn nobatlar döredi
Fransiýada Monblan Marafony badalga aldy
Nusgawy multfilmler hakynda gyzykly maglumatlar
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
“Türkmenhowaýollary” agentligi ýük uçarlaryny satyn alar