Lebabyň Türkmenabat, Seýdi we Kerki şäherlerindäki restoranlaryň, kafeleriň we garbanyşhanalaryň birnäçesiniň eýesi sebitdäki ýerli et ýeter-ýetmezçiliginiň we gymmatçylygynyň öz telekeçilik işlerine agyr zarba urýandygyny aýdýar.
Olar ýagdaý şuňa meňzeş görnüşde dowam etse, onda özleriniň bizneslerini bes etmek ähtimallygynyň ýokarydygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Onlarça ýyllap satuwa çykaryp gelýän somsamyz Lebapda meşhurdy. Ýerli mal eti bilen somsa etsek, onuň bahasyny 150% gymmatlatmaly bolýar.Somsany bu bahadan tas hiç kim satyn alyp bilmeýär. Şonuň üçin soňky iki aýyň dowamynda hökümetiň satýan arzan we hili pes etini ulanýarys.
Netijede, taýýarlaýan somsamyzyň hili hem pese düşdi, müşderiler hem azaldy” diýip, Türkmenabadyň “Gök” bazaryndaky bir garbanyşhananyň eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda soňky bäş aýa golaý wagtyň dowamynda ýerli etiň bahasy 40-90% çemesi gymmatlap, käbir sebitlerde onuň 1 kilogramy 155 manada ýokarlandy. Bazarlaryň käbirinde et çäkli möçberde satuwa çykaryldy.
Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler ilata arzan bahadan, has takygy bir kilogramy 35-40 manatdan doňdurylan eti çäkli möçberde hödürläp başladylar.
Naharyň hili peseldi, müşderi azaldyLebaply garbanyşhana eýesi etli somsanyň bahasyny 8 manatda saklamak üçin düzümindäki arzan etiň mukdaryny hem azaltmaly bolandyklaryny we bu ýagdaýlaryň soňky iki aýda müşderileriň sanynyň hem 60% töweregi azalmagyna getirendigini belleýär.
“Bu bolsa, girdejimiziň hem 60% azalmagyna getirdi” diýip, garbanyşhananyň eýesi aýtdy.
Bu maglumatlary seýdili we kerkili telekeçileriň birnäçesi hem tassyklap, soňky iki aýda girdejileriniň takmynan 35 göterim azalandygyny belleýär.
“Biziň restoranymyzda indi diňe towuk we doňuz etinden çişlik bişirýäris.Sebäbi mal eti tapdyrmaýar ýa-da ony gymmat bahadan satyn almaly bolýarys.Az mukdarda satyn alýan mal etimizi diňe palaw ýaly naharlara goşýarys. Çişlik üçin mal eti ýok.
Soňky ýyllarda adamlar hasam dindarlaşdylar, doňuz etinden çişlik hem alyp iýýänler azaldy.Netijede müşderiler hem azaldy” diýip, kerkili telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ol girdejisiniň azalmagy netijesinde işgärleriň aýlyklaryny tölemegiň hem kynlaşandygyny, we soňky bir aýyň dowamynda dört işçisini işden çykarmaly bolandygyny hem sözüne goşdy.
Diňe irden tapdyrýan ýerli et“Üstesine-de, prokuratura, salgyt we beýleki bölümlere paý geçirmeli. Häzirki ýagdaýda biznesi saklamak has kynlaşýar. Ýagdaý şeýle dowam etse, biznesimizi bes etmegä mejbur bolup bileris” diýip, Seýdidäki bir garbanyşhananyň eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda söwda edaralaryndan teswir alyp bilmedi.
Bu aralykda, habarçymyz häzirki wagtda Türkmenabadyň bazarlarynda ýerli etiň bir kilogramynyň 98 manat bahalanýandygyny, ýöne ony bu bahadan diňe irden satyn alyp bolýandygyny aýdýar.
“Göräýmäge et bar ýaly. Ýöne hususyýetçilerde gaty çalt gutarýar.Eýýäm günortana golaý, ýagny sagat 1112 aralygynda hususy satyjylarda et tapdyrmaýar.Hökümet indi bazaryň içinde birnäçe nokat açypdyr.
Arzan et satýarlar, ýöne onuň haýsy haýwanyň etidigi belli däl, hili hem ýaramaz we ol tagamsyz.Ilat arasynda hökümetiň satýan arzan etiniň haýsy haýwanyň etidigi baradaky aladalar dowam edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri, şeýle-de söwda resmileri soňky birnäçe aýda ýurtda etiň bahasynyň onlarça göterim gymmatlamagy we onuň ýeter-ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar, düşündiriş bermeýärler. Bu barada resmi metbugat hem dymýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.