“Leipsig” hem-de “Arsenalyň” täze transferleri

Germaniýanyň “Leipsig” topary Fransiýanyň “Lans” klubundan belgiýaly hüjümçi Loi Opendany transfer etdi. 23 ýaşyndaky hüjümçiniň transfer bahasy 43-46 million ýewro, şol sanda goşmaça 6 million ýewro diýlip bellenildi. Openda täze kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ýaş hüjümçi geçen möwsümde çempionatda 38 oýunda 21 gol geçirip, iň netijeli oýunçylaryň sanawynda öňdäki orny eýeläpdi.

***

Angliýanyň “Arsenal” topary “Aýaksyň” ýerli futbolçysy Ýurrien Timberi 40+5 million ýewro transfer etdi. 22 ýaşyndaky niderland goragçysy londonlylar bilen 5 ýyl möhletli şertnama gol çekişdi. “Aýaksda” 4 möwsümde 121 duşuşyk geçiren Timber täze klubunda 12-nji belgili köýnekçäni geýer.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady
Ýaryş bilen hoşlaşjak ilkinji topar boldy
“Bawariýa” ýene-de ýeňmek başartmady
“Mançester Siti” bilen “Leipsige” 1/8 finala çykmak kyn düşmedi
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
12 minutda 3-0 öňe geçse-de, ýeňlişe sezewar boldy
Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi