Tälimçisi Enj Postekogluny “Tottenham” toparyna ugradan “Seltik” klubunyň täze tälimçisi mälim edildi. Şotland kluby ozalky tälimçisi Brendan Rojersi tälimçilige belledi. 50 ýaşyndaky tälimçi “Seltik” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.
Aprel aýynda “Lester Sitidäki” wezipesinden boşadylan demirgazyk irlandiýaly hünärmen 2016-2019-njy ýyllar aralygynda “Seltige” tälim beripdi.Ol glazgolylar bilen Şotlandiýada 2 çempionlyk gazanypdy. Şol sanda Şotlandiýanyň FA Kubogynda 2, Liga Kubogynda-da 3 gezek ýeňiji bolupdy.
Rojers “Watford”, “Reding”, “Swansi” hem-de “Liwerpul” klublaryna tälim beripdi.Ol “Lester Siti” bilen FA Kubogyny we “FA Community Shield” kuboklaryny gazanypdy.
* * *
Angliýanyň Premier Ligasyndan aşaky liga düşen Lester Siti toparynyň täze tälimçisi belli boldy.Mançester Sitiniň tälimçisi Pep Guardiolanyň kömekçisi Enzo Mareska Lester toparyna tälim berer. 43 ýaşyndaky italiýaly hünärmen Lester bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.
Mareska mundan öň 2021-nji ýylda Parmanyň tälimçisi bolupdy.Ol Askoli, Sewilýa, West Ham toparlarynda-da tälimçiniň kömekçisi bolup iş alyp barypdy.Lester Sitiniň häzirki tälimçisi Din Smitiň wezipesi 30-njy iýunda tamamlanýar.