ЛИТЕРАТУРНОЕ НАСЛЕДИЕ МУХАММЕДА БАЙРАМ ХАНА ТУРКМЕНА И ИСТОКИ НАЦИОНАЛЬНОГО ВОСПИТАНИЯ

ЛИТЕРАТУРНОЕ НАСЛЕДИЕ МУХАММЕДА БАЙРАМ ХАНА ТУРКМЕНА И ИСТОКИ НАЦИОНАЛЬНОГО ВОСПИТАНИЯ

Tükmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 31-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri” temasy boýunça üçünji plenar mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň, şeýle hem Hindistanyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Belarusyň we Gruziýanyň görnükli ylmy işgärleri, professorlary, taryhçylary we dilçi alymlary çykyş etdiler.

Ylmy çykyşlar zehinli şahyr we tejribeli döwlet işgäri Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we döredijilik ýoly, onuň edebi döredijiliginiň aýratynlyklary, adamkärçilik garaýyşlary bilen bagly taryhy we edebi maglumatlara bagyşlanyldy.

Bellenilişi ýaly, taryhda Baýram han beýik serkerde hökmünde özüni görkezdi hem-de baý döredijilik mirasyny – türkmen we pars dillerindäki gazallary, rubagylary, kasydalary we ylmyň dürli ugurlaryndaky giňişleýin bilime esaslanýan nesihat beriji şygyrlary galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Gruziýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Kakada saklanan adam tussaglykda öldi
Samoli Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan — Somali Federatiw Respublikasy: bilim ulgamynda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk
Erdogan Mewlid Nebi hepdesi bilen bagly geçirilen çärede çykyş etdi
Gökdepede möwlit geçirmek üçin telekeçilerden maddy goşant talap edilýär
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler