Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi

Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi

Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.

Liwanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Eýranyň ilçisi Mohammad Reza Şibaniniň 29-njy marta çenli ýurdy terk etmelidigi nygtaldy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Liwanyň Eýrandaky ilçisi Ahmad Şeidanyň hem yzyna çagyrlandygy bellenildi.

Beýannamada Tähraniň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary we kadalary bozandygy sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi ýatladyldy.

Liwanyň hökümeti 5-nji martda ýurtda iş alyp barýan Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň agzalarynyň yzarlanmagy we tussag edilmegi barada görkezme beripdi.

Prezident Awn geçen ýyl Eýrana Liwanyň içinde haýsydyr bir toparyň ýarag götermegine rugsat berilmejekdigini aýdypdy.

Ysraýyl 2-nji martdan bäri Liwana howa hüjümlerini guraýar we Liwanyň günortasynda gury ýer hüjümlerine başlady.

Liwanly resmiler Ysraýylyň hüjümlerinde häzire çenli 1039 adamyň ýogaladygyny we 2 müň 876 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewraldan bäri Eýrana garşy guraýan bilelikdäki hüjümlerinde häzire çenli 1340 adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Pakistan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyl Liwanyň günortasynda 14 adamy öldürdi
Rubio: “Tramp Türkiýede geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşar”
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Russiýa Liwana 27 tonna kömek iberdi we şol uçary rus raýatlaryny ewakuasiýa etmek üçin ulanar
Yslamabat ABŞ-Eýran gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Makron ABŞ-Eýran ylalaşygynyň Liwany hem öz içine almagy üçin çagyryş etdi