“Liwerpulyň” 128 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek

Angliýanyň çempionatynda 27-nji tapgyryň esasy duşuşygynda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Çelsi” bilen duşuşdy.Myhmanlaryň artykmaçlygynda geçen oýunda “Çelsi” Jeýson Mountyň 42-nji minutdaky goly bilen hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, “Liwerpul” öz meýdançasynda, ýagny “Anfield” stadionynda yzly-yzlyna 5-nji oýnunda-da ýeňlişe sezewar boldy.

Bu waka 128 ýyllyk klubuň taryhynda ilkinji gezek bolýar. Ýagny topar şu wagta çenli öz meýdançasynda yzly-yzyna 5 gezek ýeňlip görmändir.

Tuheliň tälimçiliginde 8 oýunda 5 ýeňiş gazanyp, 3 gezek deňme-deň oýnan “Çelsi” 4-nji orna beýgeldi. Şu möwsümde 8-nji gezek utulan “Liwerpul” 7-nji orna düşdi.

The post “Liwerpulyň” 128 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Golliwudyň aktýorlarynyň atlaryny dogry ýazmaga çagyrdylar
Stambul iňlis klublaryna garaşýar
Donald Tramp sosial media gaýdyp gelýär
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
"Altyn globus" film baýraklarynyň dalaşgärleri yglan edildi
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar