London klublarynyň täze transferleri

“Arsenal” topary “Çelsiniň” brazil ýyldyzy Willian bilen düzümini güýçlendirdi. Demirgazyk Londonyň wekili “Arsenal” 32 ýaşly hüjüme golaý ýarymgoragçy bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Willian täze toparynda 12-nji belgide çykyş eder. 2013-nji ýylda “Çelsiniň” hataryna goşulan Willian ondan ozal “Anži”, “Şahtýor Donesk” hem-de “Korintians” toparlarynda oýnapdy.

* * *

Geçen 2 möwsümde “Býornli” toparynyň derwezesini goran Jou Hart “Tottenhamyň” hataryna goşuldy. 33 ýaşyndaky angliýaly derwezeçi londonlylar bilen 2022-nji ýylyň tomsuna çenli degişli bolan şertnama gol çekişdi. Karýerasynyň agramly bölegini “Mançester Sitide” geçiren Hart “Birmingem”, “Torino”, “West Ham” ýaly klublaryň hem köýnekçelerini geýdi.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Çempionat tamamlanyp barýar, entek bir gezek hem duşuşmadylar
Maduro ABŞ-nyň Prezident Saýlawlaryna Goşulyşmaga Çalyşýandygyny Aýtdy
Xiaomi ýelpewaç oturdylan goştorba hödürledi
“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)
Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny