Lufthansa Eýrana we Liwana Guraýan Uçar Saparlaryny Bes Etdi

Lufthansa Eýrana we Liwana Guraýan Uçar Saparlaryny Bes Etdi

Nemes howa ýoly firmasy Lufthansa, Eýranyň paýtagty Tährana we Liwanyň paýtagty Beýruda guraýan uçar saparlarynyň 30-njy aprele çenli bes edilendigini mälim etdi.

Lufthansadan berlen beýannamada, Tährana we Beýruda guraljak uçar saparlarynyň 30-njy aprele çenli bes edilendigi, şol güne çenli Eýranyn howa giňişliginiň hem firma tarapyndan ulanylmajakdygy nygtaldy.

Beýannamada Lufthansanyň Ýakyn Gündogaryň howpsuzlygy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýandygy bellenildi.

Lufthansa Tährana we Býruda guralýan uçar saparlaryny ozal 18-nji aprele çenli bes edipdi.

Ýene degişli makalalar

Lufthansa Tährana Guraýan Uçar Saparlaryny Saklady
Daşary ýurt metbugatyna syn
THÝ, Ýewropada Liderligini Dowam Etdirýär
THÝ Liderligini Dowam Etdirýär
THÝ Ýewropa Howa Ýollarynyň Arasynda Liderligini Dowam Etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny