Lukaşenko resmi sapar bilen Özbegistana bardy

Lukaşenko resmi sapar bilen Özbegistana bardy

Düýn, 7-nji fewralda Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko resmi sapar bilen Özbegistana bardy, şu gün Daşkentde onuň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri göz öňünde tutulýar. Prezidentler söwda, medeni- gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar diýip, MIR 24 habar berýär.

Gepleşikler ikiçäk we giňişleýin düzümde geçer. Döwlet Baştutanlary senagat, oba hojalyk, ylym, bilim we jahankeşdelik ugurlarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem Minsk bien Daşkendiň halkara meselelerdäki bilelikdäki tagallalary barada gürrüň ediler.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnama gol çekiler diýip, Belarusyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan bilen Belarusyň arasyndaky özara gatnaşyklar
Hytaýyň Goranmak ministri Belarussiýada saparda bolýar
“Türkiýe Biziň Strategik Hyzmatdaşymyz”
A.Lukaşenko Minskiniň we Aşgabadyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirjekdigine ynanýar
Lukaşenko belaruslaryň häzirki durmuş derejesine guwanýandygyny aýtdy
Russiýada hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde Wagneriň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin ýogaldy