Lukaşenko Zimbabweniň Prezidentine Belarus traktoryny sowgat berdi

Lukaşenko Zimbabweniň Prezidentine Belarus traktoryny sowgat berdi

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Zimbabwede döwlet sapary wagtynda bu Afrika döwletiniň Baştutany Emmerson Mnangagwä traktor sowgat berdi. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Lukaşenko Mnangagwä şahsy kömekçi hojalygynda peýdalanmak üçin traktor sowgat berdi diýlip, habarda bellenýär. Gürrüň döwrebap Belarus 923 traktory barada barýar, onuň 95,2 at güýji bar.

Zimbabweniň Prezidentiniň öz nobatynda belarus Prezidentine ýolbarsyň gäbini sowgat berendigi aýdylýar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleriniň netijeleri boýunça Belarus öňdäki bir ýarym ýylyň dowamynda bu Afrika döwletine umumy bahasy 66 million dollardan geçýän oba hojalyk tehnikasyny iberer.

Ýene degişli makalalar

Zimbabweniň Prezidenti Lukaşenkony örän ýaş doganym diýip atlandyrdy
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Zimbabweniň wekiliýeti türkmen ýokary okuw mekdeplerine bardylar
Daşary İşler Ministri Mewlüt Çawuşogly Zimbabwede Saparda Bolýar
Türkmenistan BMG-Habitat dostlar toparyna goşulýar
Dünýäde iň pes hümmetsizlenmeli ýurt belli boldy