Lukman gulaklykda uzak wagt saz diňlemegiň zyýanlydygyny duýdurdy

Lukman gulaklykda uzak wagt saz diňlemegiň zyýanlydygyny duýdurdy

Gulaklykda uzak wagtlap we yzygiderli saz diňlemek eşidişiň bozulmagyna getirip biler. Galyberse-de, olar gulakda keselleriň döremegine sebäp bolar. Bu barada russiýaly lukman Iwan Romasow gürrüň berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Romasowyň sözlerine görä, NHANES (National Health and Nutrition Examination Survey) amerikan maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen barlaglara laýyklykda, gulaklyklaryň eşidişi zaýalaýandygy anyklandy. Alymlar barlaglarda iki usuldan: pikir soralyşykdan we ses ölçeginden peýdalandylar. Barlaglara hemişe gulaklyk ulanýan 20-69 ýaş aralygyndaky 3583 adam gatnaşdy.

Netijede, eşidişiň bozulmagynyň erkekleriň arasynda zenanlara garanda, iki esse köpdügi anyklandy.Galyberse-de, gulaklyk ulanýan adamyň ýaşy näçe uly bolsa, onuň eşidişiniň bozulmagynyň ähtimallygynyň ýokarydygy belli boldy.Sazy 85 desibelden ýokary derejede diňlemek zyýanlydyr, her gün şeýle ölçegde 60-80 minutdan köp wagt saz diňlemek gulagyň agralmagyna getirip biler.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň kadalaryna laýyklykda, pleýerde sesiň güýjüniň 60 göterim derejesinde günde 60 minutdan artyk saz diňlemeli däldir diýip, lukman sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýaly lukman gulaklygyň arassalygyna gözegçilik etmegi maslahat berdi, enjamy yzygiderli hapadan we tozandan arassalap durmaly. Eger şeýle edilmese, bedene kesel ýokuşmagy daşda däl diýip, ol nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ankaranyň Administratiw sudy Alişer Sahatowdan 'G-82' çäklendiriji kodunyň aýrylandygyny tassyklady
Türkiýede ýiten iki türkmen aktiwistiniň işi gaýtadan Edirne prokuraturasyna berildi
Eýrandaky sil apaty sebäpli 2 adam dereksiz ýitdi
Eýranda Ýene-de 1 Adam Asylyp Öldürildi
14-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanly körlingçiler Norwegiýada geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşarlar