Lukman karýerasyny “Serie A”-da dowam eder

“Serie A”-nyň “Atalanta” topary “Bundesliganyň” wekili “Leipsigden” nigeriýaly ýarymgoragçy (winger) Ademola Lukmany transsfer etdi.Italýan kluby 24 ýaşly Lukman bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.Bergamolylar Lukmanyň transferi üçin nemes toparyna 15 million ýewro tölär.

Karýerasyna “Çarlton Atletik” toparynda başlan Lukman 2017-nji ýylda “Ewertona”, 2018-nji ýylda kärendesine “Leipsige” geçip, 2019-njy ýylda-da ymykly transfer bolupdy. “Fulham”, “Lester Siti” ýaly klublarda kärendesine oýnan Lukman klublarda 198 oýunda 33 gol geçirdi.

Geçen möwsümi Lesterde kärendesine geçiren Lukman Angliýanyň dürli ýaşlardaky ýygyndysyna oýnap, şu ýylyň başynda-da milli ýygyndy hökmünde Nigeriýanyň ýygyndysyny saýlapdy.Ol Nigeriýany düzüminde 4 oýunda 1 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Lukmanyň täze topary
YSRAÝYLYŇ GAZA ŞÄHERINIŇ DEMIRGAZYGYNA GURAN HÜJÜMINDE ADAM PIDASY ÇEKILDI
PAKISTANDA POLISIÝA BÖLÜMINE GURALAN HÜJÜMDE AZYNDAN 12 ADAM ÖLDI
NÝU-ÝORKYŇ POLISIÝASY DÖRT MUSULMANA PYÇAK BILEN HOWP SALAN ADAMY TUSSAG ETDI
HYTAÝDAKY KÖMÜR KÄNINDE BOLAN PARTLAMADA AZYNDAN 82 ADAM ÝOGALDY, 9 ADAM DEREKSIZ ÝITDI
TÜRKIYELI BIR ERKEK ADAM BIR GYZ ÇAGANY ÝOKARY TIZLIK BILEN GELÝÄN MOTOSIKLDEN HALAS ETDI