Lukoýlyň başlygy bilen duşuşyk: Hazaryň türkmen kenaryna gyzyklanma barha artýar

Lukoýlyň başlygy bilen duşuşyk: Hazaryň türkmen kenaryna gyzyklanma barha artýar

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Ol türkmen Liderine “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alnyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, myhman türkmen Liderine “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji oktýabrynda “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen hem duşuşdy.Ol kompaniýanyň gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, türkmen Lideriniň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi.

Munuň özi daşary ýurtly ugurdaş kompaniýalaryň Hazaryň türkmen kenaryndaky baý uglewodorod ýataklarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Lukoýl açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Lukoýl Hazaryň türkmen kenarynda täze taslamalary amala aşyrmaga taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Berdimuhamedow Lukoýl AGPJ-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
“Lukoil” 2022-nji ýylyň ahyrynda Hazardaky “Graýfer” ýatagyny işe girizer
Türkmen Lideri we “Lukoýl”-yň başlygy energiýa serişdelerini özleşdirmegi maslahatlaşdylar