Mähir siňen nepislik

Mähir siňen nepislik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Mähir siňen nepislik” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.Maslahat Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy, halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, mähriban gaýynenesiniň ören alajasy bilen şol alajany örmekde ulanylýan iş guralyny sowgat bermegi bilen baglanyşykly geçirildi.

Maslahatyň dowamynda eli hünärli ene-mamalarymyzyň her bir işi kämillik, sungat derejesine ýetirişi baradaky söhbetlere giň orun berildi.

Milli mirasymyz bolan alaja işmek, örmek eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýär.Alaja türkmen milli mirasynyň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç geçip, olary has-da bezeýär. Çykyşlarda bu ajaýyp sungatyň maşgalada edep-terbiýeli perzentleriň kemala gelmegindäki ornuna, gymmatyna ýokary baha berildi.

Enelerimiziň zähmet siňdirip, sungat derejesine ýetiren alajasynyň gudraty barada söhbetler edildi.Alaja türkmen zenanlarynyň ýürek söýgüsinden, köňül ylhamyndan, mährinden dörän sungatdyr.Maslahatda Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden el işleri türkmen zenanlary üçin görüm-göreldedir, durmuş mekdebidir diýip, çykyş edenler bellediler.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaraly maslahatyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Goý, türkmen zenanlarynyň ýürek söýgüsinden, köňül ylhamyndan, mährinden döreýän milli mirasymyz dowamat dowam bolsun!

Çeper elli zenanlaryň zähmetine uly sarpa goýup, olaryň döredýän nepis hem inçe sungatyny öňküden-de ösdürmek, baýlaşdyrmak, kämilleşdirmek, dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Ýene degişli makalalar

SÜNNÄLI YNSAN — DÜNÝÄLI YNSAN
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Türkmen çig nebitiniň Eýrana eltilmegi togtadyldy
19.07.2017 | “Dragon Oil” kompaniýasy V Aziýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy boldy
Türkmen keçesi