Mähirli gutlaglar

Mähirli gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hatlarda saýlawlarda gazanylan bu ýeňşiň ählihalk ynamynyň we halkymyzyň rowaçlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, onuň halkara giňişlikdäki ornunyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine alnyp barylýan döwlet syýasatynyň watandaşlarymyz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň beýany bolandygy nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi