Mährijemal Mämmedowa Italiýanyň medeniýet ministri bilen duşuşdy

Mährijemal Mämmedowa Italiýanyň medeniýet ministri bilen duşuşdy

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa we Italiýanyň medeniýet ministri Jennaro Sanjuliano bilen iki halkyň baý arheologiki mirasyny öwrenmek, medeni hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de 2030-njy ýylda EXPO-ny Italiýada geçirmek boýunça dalaşgärligini öňe sürmeginiň konsepsiýasy baradaky taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan Italiýa bilen arheologiýa pudagy boýunça ençeme ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Muňa mysal hökmünde Italiýanyň Ligabuýe ylmy merkeziniň wekili Gabriýel Rossi-Osmidanyň Goňurdepede türkmen-italýan arheologik gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edip, 10 ýylyň dowamynda bu ýerde alyp baran işleriniň netijesinde Margiana: Goňurdepe gonamçylygy atly kitabyny ýazandygyny görkezmek bolar.

Mundan başga-da medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-italýan iş toparynyň döredilip, netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek.

Türkmen-italýan bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde Italiýanyň muzeýleriniň birinde bürünç eýýamyna degişli bolan türkmen eksponatlarynyň sergisini guramak hem-de Italiýada Margiananyň we Gadymy Parfiýanyň arheologiki gymmatlyklarynyň sersigini guramak göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI
MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Moskwa şäherinde Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty öz işine başlady
Türkmenistan we Katar owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmek barada ylalaşdylar
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi halkara sergiler býurosynyň baş sekretary bilen duşuşdy