Magnit näme ?!

Magnit demirden we polatdan ýasalan zatlary özüne çekýän jisimdir.Günbatar dillerinde “magnet” görnüşinde geçen bu söz irki döwürlerde Kiçi Aziýada “Magnesia” atly ýerden gelip çykypdyr.Bu ýerde ýaşaýan adamlar käbir gara daşlaryň demri çekýändigine göz ýetiripdirler.

Bu gara daşlar ”magnetit” atly hakyky magnidiň bir görnüşidir.Wagtyň geçmegi bilen adamlar bir ýüpüň ujunda asylyp goýlan ýa-da bir tagta bölejiginiň üstünde suwa goýberilen magnidiň hemişe demirgazyk we günortany görkezýändigine göz ýetiripdirler.

Deňizçileriň ulanýan ilkinji kompaslary bu tebigy daşlardan ýasalypdyr.Magnit diňe taýajyk şekilinde däl, eýsem, nal görnüşinde hem ýasalýar.Nal şekilli magnitlerde nalyň iki ujy “demirgazyk” we “ günorta” polýuslarydyr.Öňki döwürlerde magnitler ýönekeý usullar arkaly ýasalýan eken.

Bir demir bölegi tebigy magnite sürtülip, onuň dartyş güýji artdyrylýan eken.Soňra has täsirli usullar oýlanyp tapyldy.Häzirki wagtda bir demir bölejigine izolýasiýaly sim saralyp, şol saralan simden tok akymy geçirilýär. Ýumşak demirden ýasalýan magnitlerde bolsa şol demir bölejiginden diňe akym geçýän wagty magnit häsiýetli bolýar.

Bu elektromagnitler senagat önümçiliginde has köp peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

Oýnawaçlary nädip arassalamaly?
14.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy