Magtymguly adyndaky TDU Açyk gapylar gününe çagyrýar

Magtymguly adyndaky TDU Açyk gapylar gününe çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary hem-de ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2023-nji ýylyň 6-njy we 13-nji maýynda sagat 15:00-da geçiriljek Açyk gapylar gününe çagyrýar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Açyk gapylar gününde uniwersitete gelýän ýaşlar bu ýerde ylmyň dürli ugurlary boýunça talyplar bilen geçilýän okuw sapaklary, olarda ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän tejribeler, möhüm temalar boýunça ýazylýan ylmy işler we taslamalar bilen tanyş bolarlar. Şular bilen birlikde, geljekki dalaşgärler we gyzyklanma bildirýän ýaşlar ýokary okuw mekdebiniň häzirki zaman ylmy nazaryýetleri amal etmäge ýöriteleşdirilen okuw otaglary, tejribehanalary, internet hem-de lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýleri, sport kluby bilen tanyşdyrylar.

Professor-mugallymlaryň we talyplaryň guramaçylygynda geçjek Açyk gapylar gününde Magtymguly adyndaky TDU-nyň fakultetlerine gezelençler guralar, şeýle hem ýaşlar bu günlerde ýokary okuw mekdebiniň durmuşy baradaky wideofilmlere, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edip bilerler.

Ýene degişli makalalar

Özbek Liderine Hormatly proffesor alymlyk ady dakyldy
Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
Ýaglanma Howpuny Artdyrýan 2 Sany Genetiki Wariant Kesgitlendi
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ysraýylyň Gaza hüjümleri