Magtymguly dana şahyr, sözleri dürdäne şahyr

Magtymguly dana şahyr, sözleri dürdäne şahyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2024-nji ýyly Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli Magtymguly dana şahyr, sözleri dürdäne şahyr ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy il-ýurduny ýürekden söýen, hemişe halkyň aladasy bilen ýaşan beýik şahsyýetdir.Ol pähim-paýhasa baý şygyrlarynda adamyň at-abraýynyň ata Watanynyň, il-gününiň öňünde bitirýän hyzmatyna, goýýan gadyr-gymmatyna baglydygyny ussatlyk bilen beýan etmegi başarypdyr.

Hut şonuň üçin hem şahyryň tutuş adamzada bähbitli ýörelgesi diňe bir ýaşan döwründe ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän, eýsem ähli eýýamlar üçinem gymmatly hazyna hasaplanylýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.Gürrüňdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgularynyň birnäçesini hem ýerine ýetirdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda bizi asuda asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde ýaşamaga, işlemäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwlet ýörelgesiniň esasy gymmatlygy
14-16-njy noýabr aralygynda teatrlarda görkeziljek oýunlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi