Magtymguly etrabynyň daýhan birleşiklerinde, hususy hojalyklarynda subtropik miweleriň medeniýetleşdirilen birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň arasynda Sumbar we Çendir jülgeleriniň dünýä meşhur narlary has-da agdyklyk edýär.
Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş welaýat boýunça baglardan dürli görnüşli miweleriň 14,1 müň tonnasy taýýarlanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu ugurda önümçiligiň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri alnan hasylyň 7,5 müň tonnadan gowragynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlarynyň paýyna düşýändiginem aýratyn nygtamak gerek.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylda Magtymguly etrabynyň bagbanlarydyr telekeçileri dürli miweleriň — almadyr armydyň, şetdalydyr garalynyň, erikdir üzümiň bol hasylyny sarp edijilere terligi bilen ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Nar ýygnamak möwsümi bu subtropik etrapda noýabr aýynyň aýagyna çenli dowam edýär.
Dürli eýeçilikdäki nar baglarynyň tutýan umumy meýdany 350 gektara ýetýär.Olaryň her gektaryndan agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, dört tonna hasyl almak bellenilýär.Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginden Amangeldi Töräýew 4,8 gektardan 15,2 tonna derek 37 tonna, Begmyrat Pepiýew 2,5 gektardan 10 tonna derek 20 tonna, Ýeňiş daýhan birleşiginden Ýusup Durdymyradow 1,5 gektardan 6 tonna derek 18 tonna, Ýolaman Nurmuhammedow 1,75 gektardan 7 tonna derek 19 tonna nar hasylyny ýygnady diýlip, habarda bellenilýär.
